Türkmenistan-Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar.


Türkmenistan-Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar.
Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-russiýa işewürler forumy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Işewürler duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň hem-de täjirçilik däl guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza geldiler.
Türkmen tarapyndan birnäçe wise-premýerler, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary foruma gatnaşýarlar.
Günüň birinji ýarymynda “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi. Bilim edaralarynyň ugry boýunça türkmen-russiýa hyzmatdaşlyk meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň arasynda duşuşyklar geçirildi, olaryň çäklerinde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.
Umumy mejlisiň ahyrynda şunuň ýaly duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri emele getirýändigi bellenildi. Taraplaryň pikirine görä, şu gezekki forumyň netijeleri uzak geljege gönükdirilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşmaça itergi berer.
Garaşylyşy ýaly, ertir hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy düzümleriniň we işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Şeýle hem türkmen-russiýa we russiýa-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisini geçirmek, telekeçilik toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamlara gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Russiýanyň önüm öndürijileri üçin “Russiýanyň Söwda öýi” söwda-sergi meýdançasyny açmak çäresi hem meýilleşdirilýär.
Şeýle hem şu gün Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebe baryp gördi.
Myhman mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň öňünde çykyşynyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolandygyny hem-de hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belledi. Ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň däp bolan dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr.








