19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda boldy.


19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda boldy.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugran hormatly Prezidentimiziň uçary biraz salymdan Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerden “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary “Galkynyş” gaz känine gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler, gaýtadan işleýän senagatyň düzümlerine häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylyşy bilen içgin gyzyklandy.
Bu ýerde goýlan çyzgylaryň üsti bilen “Galkynyş” gaz käninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerdäki önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklary, käniň gurluşygyny tapgyrlaýyn esasda dowam etdirmek, täze guýulary özleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Galkynyş” gaz käninde häzirki döwürde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Ýeri gelende aýtsak, “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, ýygnamak, gaýtadan işlemek hem-de ibermek bilen baglanyşykly tehnologiki işleriň ählisiniň doly awtomatlaşdyrylandygyny bellemeli.
Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçarda Garagum derýasynyň welaýatyň çäginden geçýän ugurlaryny, derýanyň kenarýakalaryny synlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Mary şäheriniň halkara howa menziline gelip, Mary welaýatyna bolan iş saparyny tamamlap, bu ýerden paýtagtymyza ugrady.
Biraz salymdan Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.








