Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol alnyp barylýan kanunçykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümleri tarapyndan bu ulgamyň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn wezipeleri öz wagtynda hem-de talabalaýyk ýerine ýetirmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda Döwlet konserni tarapyndan Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek hem-de tehnologiýa taýdan çylşyrymly taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Çagyl” ýatagynyň demir magdanlaryny baýlaşdyrmak arkaly zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, bu ýatagyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, dokma kärhanalarynyň doly kuwwatynda bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 12-14-nji fewraly aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän döredijilik çäresine gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-amaly maslahatlaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli 15-16-njy fewralda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde maslahat, 24-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, 26-njy aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahatlar, 15-nji martda bolsa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda halkara forumyny geçirmek meýilleşdirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň saparyna hem-de RF-niň wekiliýetiniň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çärelere ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini düzgünleşdirýän hukuknamalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly iberip, Agentligiň ýolbaşçysyna resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, şu gün birnäçe möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisine gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.








