Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek bellenildi. Maslahata ýurdumyzyň welaýatlaryndan gatnaşjak wekiller şu gün paýtagtymyz Aşgabada geldiler.
21-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçiriler.
Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça döredilen konstitusion topar tarapyndan birnäçe degişli resminamalaryň, şol sanda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, onuň käbir maddalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky Konstitusion kanunlaryň taslamalary hödürlener. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň şol resminamalara seretmegine we kabul etmegine garaşylýar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan jemgyýetçilige wekilçilik edip, paýtagtymyza gelen maslahata gatnaşjak wekiller Aşgabadyň howa we demirýol menzillerinde myhmansöýerlik bilen garşyladylar.








