HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan yslam ýurtlarynyň hokkeýi ösdürmek boýunça Assosiasiýasynyň bilelikdäki esaslandyryjysy boldy

Ýanwar 19, 2023 | 21:42 |6390
Türkmenistan yslam ýurtlarynyň hokkeýi ösdürmek boýunça Assosiasiýasynyň bilelikdäki esaslandyryjysy boldy. Guramany esaslandyrmak baradaky ylalaşyga yslam ýurtlarynyň Kazanda geçen birinji hokkeý ýaryşyna gatnaşan 13 ýurduň wekilleri tarapyndan gol çekildi – diýip, Tatarystanyň Sport baradaky ministrliginiň saýty habar berdi.Türkmenistan yslam ýurtlarynyň hokkeýi ösdürmek boýunça Assosiasiýasynyň bilelikdäki esaslandyryjysy boldy. Guramany esaslandyrmak baradaky ylalaşyga yslam ýurtlarynyň Kazanda geçen birinji hokkeý ýaryşyna gatnaşan 13 ýurduň wekilleri tarapyndan gol çekildi – diýip, Tatarystanyň Sport baradaky ministrliginiň saýty habar berdi.
Çeşme: kazan.bezformata.com

Türkmenistan yslam ýurtlarynyň hokkeýi ösdürmek boýunça Assosiasiýasynyň bilelikdäki esaslandyryjysy boldy. Guramany esaslandyrmak baradaky ylalaşyga yslam ýurtlarynyň Kazanda geçen birinji hokkeý ýaryşyna gatnaşan 13 ýurduň wekilleri tarapyndan gol çekildi – diýip, Tatarystanyň Sport baradaky ministrliginiň saýty habar berdi.

Assosiýasynyň esaslandyryjylary bolup Türkmenistanyň, BAE-niň, Saud Arabystanyň, Marokkonyň, Alžiriň, Omanyň, Bahreýniň, Eýranyň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň Hokkeý federasiýalarynyň baştutanlary boldular.

Guramanyň maksady – Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde hokkeýi ösdürmekdir. Bu hyzmatdaşlyk ýurtlara rus hokkeýiniň tejribesini öwrenmäge, oýunçylary, türgenleri we eminleri okatmaga hem-de ýaş hokkeýçileri taýýarlamak usulyna elýeterliligi almaga mümkinçilik döreder.

Halkara Assosiasiýanyň başlygy Tatarystanyň Hokkeý federasiýasynyň, «Ak bars» hokkeý klubynyň prezidenti we «Tatneft» AGPJ-ň ýolbaşçysy Nail Maganow boldy. Halkara Assosiasiýanyň Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti edilip Gyrgyzystanyň Hokkeý federasiýasynyň baştutany Anwar Omorkanow, Ýakyn Gündogarda – BAE-niň Sportyň gyşky görnüşleri federasiýasynyň prezidenti Hamel al-Kubeýsi boldy. Bileleşigiň ştab-kwartirasy Kazanda ýerleşýär.

«Biziň baý hokkeý däplerimizi göz öňünde tutup, biz Tatarystanyň paýtagtynda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlaryny birleşdirýän ýene-de bir sport meýdançasynyň peýda bolandygyna örän şat. Bu ýaryşyň yslam ýurtlarynda hokkeýi ösdürmäge itergi berjekdigine ynanýaryn, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugyň pugtalanmagyna ýardam eder, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň taryhynda ýene-de bir ýagty sport sahypasy bolar» – diýip, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Oýunlaryň ýapylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi.

Ozal habar berlişi ýaly, ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy bürünç medal gazandy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026