HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik türk aýdym-saz ussady Aşyk Weýsel – ÝUNESKO-nyň 2023-nji ýyl ýatlama maksatnamasyna girizildi

Ýanwar 12, 2023 | 16:30 |10987
Meşhur türk şahyry we sazandasy Aşyk Weýseliň ölüminiň 50 ýyllygy ÝUNESKO-nyň ýadygärlik seneleriniň sanawyna goşulandyr. Bu ýadygärlik senesine bagyşlanan çäreler, sergiler, konsertler we maslahatlar 2023-nji ýylyň dowamynda hem Türkiýede, hem daşary ýurtda geçiriler.Meşhur türk şahyry we sazandasy Aşyk Weýseliň ölüminiň 50 ýyllygy ÝUNESKO-nyň ýadygärlik seneleriniň sanawyna goşulandyr. Bu ýadygärlik senesine bagyşlanan çäreler, sergiler, konsertler we maslahatlar 2023-nji ýylyň dowamynda hem Türkiýede, hem daşary ýurtda geçiriler.
Çeşme: посольство Турции в Туркменистане

Meşhur türk şahyry we sazandasy Aşyk Weýseliň ölüminiň 50 ýyllygy ÝUNESKO-nyň ýadygärlik seneleriniň sanawyna goşulandyr. Bu ýadygärlik senesine bagyşlanan çäreler, sergiler, konsertler we maslahatlar 2023-nji ýylyň dowamynda hem Türkiýede, hem daşary ýurtda geçiriler.

Aşyk Weýseliň ölüminiň 50 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň ýadygärlik seneleriň sanawyna girizmek karary guramanyň Parižde geçen 41-nji Baş maslahatynda kabul edildi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň karary bilen 2023-nji ýyl ýurtda Aşyk Weýseliň ýyly diýlip yglan edildi.

«Aşyk Weýsel mydama rehim-şepagatly we adalatly bolmaga çagyrýardy, geljek ýyly Aşyk Weýseliň ýyly diýip yglan etmek örän alamatlaýyndyr» - diýip, Türkiýäniň lideri beýan etdi.

Aşyk Weýsel (Şatyrogly) – belli türk aýdymçy-bardy, dünýä derejesindäki halk şahyrydyr. Ol aýdymlaryň awtory we baglamanyň ussady bolupdyr, XX asyryň anadoly aşyklyk däbiniň görnükli wekili bolupdyr. Weýsel 7 ýaşynda agyr kesel sebäpli kör bolupdyr, ýöne bu oňa çykyş etmäge we öz döredijiligini adamlara ýetirmäge päsgel bermändir. Ol milli jebislige goşan goşandy üçin medeniýetde we sungatda prezidentiň baýragyna mynasyp bolupdyr.

Hatda ol aradan çykandan soň hem onuň söýgä we watançylyga beslenen döredijiligi adamlaryň dilinde ýaňlanmagyny dowam edýär, dünýäniň her bir adamynyň kalbyna täsir edýär. Aşyk Weýseli adamlara we durmuşa düşünmäge ymtylýan adam hökmünde hemişe ýatda saklarlar.

Siwasdaky halk şahyrynyň ýaşan öýi onuň ölüminden soňra muzeýe öwrüldi we ondaky zatlar saklanyp galdy. Oňa baryp görýänler aýdymçy-şahyr bilen dürli telewizion söhbetdeşlikleriň ýazgysyny diňläp bilýärler. Muzeýde şeýle hem beýik şahyryň öň çap edilmedik radio we telewizion ýazgylary, şeýle hem eşidişi kem bolanlar üçin iňlis subtitrleri bilen ýörite taýýarlanan film görkezilýär.

ORIENT habarlar
Surat: Türkiýäniň Trkmenistandaky ilçihanasy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026