HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan sanly saýty dörederler

Ýanwar 15, 2023 | 02:03 |13439
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň  alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijilik işine bagyşlanan  maglumat portalyny dörederler, häzirki wagtda alymlar täze saýtyň üstünde işleýärler.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň  alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijilik işine bagyşlanan  maglumat portalyny dörederler, häzirki wagtda alymlar täze saýtyň üstünde işleýärler.
Çeşme: t.kamm.gov.tm

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijilik işine bagyşlanan maglumat portalyny dörederler, häzirki wagtda alymlar täze saýtyň üstünde işleýärler.

Bu häzirkizaman maglumat çeşmesinde beýik nusgawy şahyryň eserleri ýerleşdirilip, isleg bildiren her bir adam gözleg-portaly arkaly Pyragynyň meşhur goşgularyny tapyp biler.

Şeýle hem, bu sahypa dürli awtorlaryň köp sanly ylmy we edebi eserlerini - makalalary, oçerkleri, hekaýalary, ylmy-barlag işlerini we Magtymgulynyň işine bagyşlanan beýleki materiallary hödürlär.

Sanly taslama Gündogaryň beýik şahsyýeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly çäreler meýilnamasynyň çäginde işlenip düzülýär. Ýubileý senesi mynasybetli dabaralar 2023-2024-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (UNESKO) we Halkara türki medeniýeti guramasy (TURKSOY) bilen bilelikde geçiriler.

Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda Magtymgulynyň ruhy mirasyny öwrenmek we wagyz etmek, beýik şahsyýete dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen halkara ylmy we edebi simpoziumlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026