HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahan oblastynyň wekiliýeti Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşar

Ýanwar 11, 2023 | 00:52 |5854
Bu barada Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Astrahandaky türkmen kosuly Nury Gölliýew bilen iş duşuşygynyň barşynda habar berdi.Bu barada Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Astrahandaky türkmen kosuly Nury Gölliýew bilen iş duşuşygynyň barşynda habar berdi.
Çeşme: mid.astrobl.ru

Bu barada Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Astrahandaky türkmen kosuly Nury Gölliýew bilen iş duşuşygynyň barşynda habar berdi.

“Geljek hepdede Aşgabatda geçiriljek türkem-rus işewürlik forumynda dürli pudaklarda özara gatnaşyklarymyza degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, forumň işine biziň sebitimiziň wekiliýeti gatnaşar” diýip, rus ministri habar berdi. Öz nobatynda, Türkmenistanyň konsuly bu möhüm halkara çärä taýýarlyk görmäge zerur bolan ýardamlary berjekdigini aýtdy diýip, Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Täze 2023-nji ýyl bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçer, şol taslamalary hatarynda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek, Astrahan oblastynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawyny ýol goýmak, şeýle hem Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak taslamalary bar diýlip, duşuşykda bellenildi.

Aşgabat işewürlik forumynyň öňüsyrasynda geljek hepdede Astrahanda Russiýanyň ulag ministrliginiň we RF-niň gämi gatnawlary bilen meşgullanýan kompaniýalarynyň wekilleriniň türkmen wekiliýeti bilen duşuşygy geçiriler. Türkmen tarapynyň düzüminde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylary hem-de gämi gatnawlary we logistika bilen meşgullanýan türkmen kompaniýalarynyň wekilleri bolar. Şeýle hem Hazarda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny açmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär diýlip, habarda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026