HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Keramikadan şekil ýasama baradaky bilim Ýewropa Hazar sebitinden gelipdir

Ýanwar 09, 2023 | 18:30 |6504
Keramiki gaplary ýasamak baradaky bilim Ýewropa Hazar sebitinden we Sibirden gelipdir -diýip, Arkeonews Polşanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnologiýa institutyna salgylanyp habar berýär.Keramiki gaplary ýasamak baradaky bilim Ýewropa Hazar sebitinden we Sibirden gelipdir -diýip, Arkeonews Polşanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnologiýa institutyna salgylanyp habar berýär.
Çeşme: dzen.ru

Keramiki gaplary ýasamak baradaky bilim Ýewropa Hazar sebitinden we Sibirden gelipdir -diýip, Arkeonews Polşanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnologiýa institutyna salgylanyp habar berýär.

«Ýewropada, ýagny Baltika sebiti bolan mezolitik keramikanyň ýaýran ýerinde gaplaryň gelip çykyşy çylşyrymlydyr. Onuň gelip çykyşy b. e. öňki 4700-nji ýyl diýlip çaklanylýar we irki neolitiň, şeýle hem Gündogardan gelen ikilenç täsiriň netijesi diýlip hasaplanýar» – diýip, Polşanyň Ylymlar akademiýasynyň doktory Angeşka Çekaý-Zastawny gürrüň berýär.

Polşadan, Ýork uniwersitetinden we Britaniýanyň muzeýinden bolan alymlar topary 156 ýerden tapylan awçylaryň-ýygnaýjylaryň hojalygy bilen bagly bolan 1200 sany keramika gaplarynyň barlagyny geçirdiler. Olaryň ylmy barlagyna laýyklykda keramikadan gap ýasamak başarnygy takmynan b. e. öňki 5900-nji ýylda bir nesiliň ömrüniň dowamynda Hazar sebitinden we Sibirden ýaýrapdyr.

Çalt ýaýramagy ilatyň göçmegi sebäpli we ýakyn aralykda ýaşaýan jemgyýetleriň arasynda maglumat alşygynyň bolmagy sebäpli bolup geçipdir. Şunda keramikanyň iň gadymy nusgalary Hytaýda tapylypdyr: olaryň senesi b.e. öňki 20 000-nji ýyldan 19 000-nji ýyl diýlip bellenilýär.

ORIENT habarlar
Surat: dzen.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026