HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň mediabäsleşigi gatnaşmaga arzalary kabul edip başlaýar

Ýanwar 09, 2023 | 06:03 |8624
GDA gatnaşyjy döwletleriň içeri işler ministrleriniň geňeşiniň howandarlygynda geçirilýän bäsleşik halkara hyzmatdaşlygynyň maglumat we durmuş-medeni giňişligini giňeltmäge, hukuk goraýyş işlerini wagyz etmäge, ýaşlary medeni-estetiki we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň içeri işler edaralarynyň (polisiýa) işgärleriniň oňyn abraýynyň kemala gelmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.GDA gatnaşyjy döwletleriň içeri işler ministrleriniň geňeşiniň howandarlygynda geçirilýän bäsleşik halkara hyzmatdaşlygynyň maglumat we durmuş-medeni giňişligini giňeltmäge, hukuk goraýyş işlerini wagyz etmäge, ýaşlary medeni-estetiki we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň içeri işler edaralarynyň (polisiýa) işgärleriniň oňyn abraýynyň kemala gelmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Çeşme:

GDA gatnaşyjy döwletleriň içeri işler ministrleriniň geňeşiniň howandarlygynda geçirilýän bäsleşik halkara hyzmatdaşlygynyň maglumat we durmuş-medeni giňişligini giňeltmäge, hukuk goraýyş işlerini wagyz etmäge, ýaşlary medeni-estetiki we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň içeri işler edaralarynyň (polisiýa) işgärleriniň oňyn abraýynyň kemala gelmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

2023-nji ýylda bäsleşigi geçirmek üçin tassyklanylan uhurlar:

― “Lisa druzeý” – portret žanryna degişli bolup, şunda, ilkinji nobatda, adamyň gaýtalanmajak duýgularynyň, özboluşly hereketleriniň, gahrymanyň daşky dünýä bolan garaýşyny görkezýän alamatlarynyň üsti bilen ynsan häsiýetini, keşbini açyp görkezýän işler garalmaga kabul edilýär.

― “Çest imeýu!” – içeri işler edaralarynyň işgäriniň gullugynyň häsiýetli taraplaryny açyp görkezýän işler, işde watançylygyň, ýoldaşlyk duýgusynyň we korporatiw medeniýetiň beýany.

― “U prirody net plohoý pogody” – Arkalaşygyň ýurtlarynyň ilkibaşky tebigatynyň gözelligini, beýikligini, köp taraplylygyny we gaýtalanmajak täsinligini, tebigy hadysalary hem-de köp dürli peýzažlary görkezýän suratlar we wiseoşekiller.

Bäsleşigiň birinji tapgyry 10-njy ýanwardan 30-njy iýun aralygynda geçirilip, gatnaşmaga arzalaryň ugruny, işleriň kabul edilmegini hem-de saýlanylmagyny özünde jemleýär.

1-nji iýuldan 30-njy awgust aralygyndaky ikinji tapgyrda bäsleşigiň komissiýasy hödürlenilen işlere baha berer we laureatlary kesgitlär.

Bäsleşige ýaşyna we alyp barýan işine çäklendirme goýulmazdan Arkalaşygyň döwletleriniň raýatlary ganaşyp biler.

Bäsleşigiň şertleri we geçirilişiniň düzgüni, şeýle hem oňa gatnaşyjylaryň işleri bilen şu salgy boýunça tanşyp bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

17:00 Sentýabr 17, 2026
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026