HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Watan 08.01.2023

Ýanwar 09, 2023 | 02:51 |5499
Birinji hepde halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi.Birinji hepde halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi.
Çeşme:

Hepdäniň jemi.

Birinji hepde halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi. 3-nji ýanwarda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şeýle hem 2022-2028-nji ýyllar üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň depginlerini berk gözegçilikde saklamagy welaýat häkimlerine tabşyrdy. 4-nji ýanwarda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi, onda birnäçe resminamalarynyň taslamalary we döwletiň durmuşynyň beýleki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary boldy.

6-njy ýanwarda Pekinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Iki döwletiň baştutanlary Türkmen-Hytaý gatnaşyklarynyň köp sanly meseleleri barada pikir alyşdylar, hem-de halkara we sebitara möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişme dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karara gol çekdi.

Ýurduň atçylyk merkezlerinde atçylyk ýaryşlaryny geçirmek we dogry gurnamak maksady bilen Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti karara gol çekdi.

Bu resminamada, "Türkmen atlary" döwlet birleşigine, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky "Daşoguz atçylyk toplumynyň ýaryş ýolunyň durkuny täzelemek barada" №195 kararyna laýyklykda Daşoguz atçylyk toplumynyň ýaryş ýolyna täze döwrebap düşemesini gurmak we toplumda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin "Röwşen" hususy kärhanasy bilen goşmaça şertnama baglaşmaga rugsat berildi.

Biržanyň habarlary.

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda 16 sany geleşikler hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýanyň we Owganystanyň işewür toparlaryň wekilleri Türkmennebit kompaniýalar toparynyň we Türkmengaz kompaniýalar toparynyň tehnologiki bölümlerinde öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy mukdary takmynan 24 million ABŞ dollary boldy.

Manat üçin Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler takmynan 12 million manat pagta ýüplük satyn aldylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026