HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maryda Roždestwo mynasybetli ýarmarka geçirildi – nesilleriň özara gatnaşygy

Ýanwar 08, 2023 | 05:47 |10590
Prawoslaw Roždestwo Maryda  Pokrow ybadathanasynda däp bolan ýörite gulluk we  Roždestwo ýarmarkasy bilen bellendi.Prawoslaw Roždestwo Maryda  Pokrow ybadathanasynda däp bolan ýörite gulluk we  Roždestwo ýarmarkasy bilen bellendi.
Çeşme: orient.tm

Prawoslaw Roždestwo Maryda Pokrow ybadathanasynda däp bolan ýörite gulluk we Roždestwo ýarmarkasy bilen bellendi.

Ruhany Dmitriý Kireýew ORIENT-iň habarçysy bilen söhbetdeşlikde: “Türkmenistanda-da bellenilýän Roždestwo prawoslaw buthanasynyň esasy baýramçylyklaryndan biri bolup, bu gün prawoslaw dinine uýýanlar uly bolmadyk Wifleýem şäherinde Iisus Hristosyň dünýä gelen gününi belleýärler” – diýdi.

1673096925051-1.JPEG

7-nji ýanwarda ir säher bilen Pokrow ybadathanasynyň ýanynda bu baýram mynasybetli ýarmarka geçirildi, oňa uly we kiçi - köpsanly adam gatnaşdy. Bu ýerde amaly-haşam sungat önümleri, el işleri, zergärçilik we nakgaş eserleri, şeýle hem Roždestwo tagamlary köpçülige hödürlendi.

─ "Şeýle ýarmarkalary geçirmegiň esasy maksady – bu baýramçylykda Hudaý bilen ýakynlygy duýup biljek adamlary, esasanam juwan ýaşlary birleşdirmek" – diýip, ruhany sözüni dowam etdi. – “Ýarmarkamyzda näçe çaganyň bu baýramçylyga öz sowgatlaryny taýýarlandygyny görüp bilersiňiz. Bu sözüň doly nanysynda pikir alyşmaklyk, nesilleriň özara gatnaşygy”.

1673097063417-1.JPEG

─ Şeýle ajaýyp baýram güni hemmelere parahatlyk, ýagşylyk, şatlyk, bitewilik, abadançylyk we asuda asman arzuw etmek isleýärin - diýip, iýereý Dmitriý Kireýew aýtdy.

Çäräniň dowamynda animatorlaryň konsert çykyşlary hem boldy.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026