HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýanwar aýynda Türkmenistanda 39 sany desga döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda çykarylar

Ýanwar 05, 2023 | 21:52 |9159
25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, onda 39 lot bolar. Bu baradaky bildiriş penşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, onda 39 lot bolar. Bu baradaky bildiriş penşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Çeşme:

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, onda 39 lot bolar. Bu baradaky bildiriş penşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

Bäsleşikli söwdada maýa goýup biljek telekeçiler Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, şeýle hem Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň desgalaryny satyn alyp bilerler.

Bäsleşikli söwdadaky iň gymmat lot «Lebapdaşarysöwda» hojalyk hasaplaşygyndaky daşary ykdysady birleşigiň «Döwrebap» söwda-dynç alyş merkezi bolar. Onuň başlangyç bahasy 51,9 mln. manat.

Bäsleşikli söwdadaky iň pes başlangyç baha Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Garabogaz şäheriniň Garaşsyzlyk köçesinde ýerleşýän 4-nji dükany üçin bolar. Ony muňa maýa goýup biljek telekeçi 86,1 müň manada satyn alyp biler.

Ähli lotlar görkezilen PDF formatdaky görkezgiji şu salgy boýunça ýükläp alyp bolýar PDF formatdaky.

Söwdalaşma bellenen görnüşde arza beren, bahanyň ujundan belli bir mukdarda pul geçiren we bellenen möhlete ýörite ýygym tölän Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlary, şol sanda döwlete degişli bolmadyk ýuridiki şahslar gatnaşyp bilýärler. Arzalary Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kabul edýär.

Lotlar baradaky goşmaça maglumaty Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminden ýa-da aşakdaky telefonlar arkaly alyp bolýar:

ORIENT habarlar
Surat: freepik.com / fabrikasimf

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026