Watan 06.01.2023


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Hytaý halk Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz ir bilen Hytaý halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäheriniň merkezi meýdançasy bolan Ti-An-Min meýdançasynda ýerleşýän Hytaýyň halk ýygnaklar öýüne geldi. Soňra Hormatly Prezidentimiziň we HHR-nyň başlygynyň baştutanlygyndaky iki ýurduň wekilýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan barha ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistan bilen HHR-nyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly kuwwatlyklara eýedir diýip Hormatly Prezidentimiz belledi. Häzirki wagtda biz dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberlerini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji ugrunyň gurluşygynyň taslamasy içgin ara alnyp maslahatlaşylýar diýip Döwlet Baştutanymyz belledi. Iki ýurduň Merkezi Aziýa-Hytaý görnüşinde işjeň hyzmatdaşlyk etmegi hem biziň özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga ýardam edýär diýip, HHR-nyň başlygy aýtdy we gatnaşyjy ýurtlaryň nobatdaky mejlisini ýakyn wagtda geçirmegi teklip etdi.
Soňra duşuşyk çäkli düzümde dowam etdi. Duşuşygyň barşynda Hormatly Prezidentimiz HHR-nyň başlygy Szi Szinpini özi üçin islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz we Hytaý halk Respublikasynyň başlygy Türkmenistan bilen Hytaý halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki beýannama gollaryny goýdular. Soňra iki dostlukly döwletiň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň dürli pudaklarynyň arasynda ähtnamalara gol çekişme dabarasy boldy.
• Türkmenistanyň hökümeti bilen Hytaý halk Respublikasynyň hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky ylalaşyga goşmaçalary girizmek barada teswirnama
• Türkmenistanyň hökümeti bilen hytaý halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
• Türkmenistanyň hökümeti bilen hytaý halk Respublikasynyň hökümetiniň arasynda “ýaşyl ösüş” babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
• Türkmenistanyň hökümeti bilen Hytaý halk Respublikasynyň hökümetiniň arasynda “Beýik ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy” we “bir guşak we bir ýol” halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşy babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
• Türkmenistanyň medeniýet ministrligi bilen hytaý halk Respublikasy medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023-2026-njy ýyllarda üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyna;
• Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi bilen Hytaý halk Respublikasynyň Sinhua habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga;
• Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi bilen Ženmin-Žibao gazetiniň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
• Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý halk Respublikasynyň media –korporasiýanyň arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama;
• Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý halk Respublikasynyň saglygy goraýyş boýunça döwlet kommisiýasynyň arasynda saglygy goraýyş pudaklarynda 2023-2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasyna;
• Türkmenistanyň milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama, sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý halk Respublikasynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynaky ähtnama;
• “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň nebit gaz koorporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama;
• Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit-gaz koorporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama;
• Şeýle hem saparyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
Soňra Hytaý halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Hytaý halk Respublikasynyň döwlet geňeşiniň premýeri Li Kesýan bilen Ähli hytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygy Li Çžanşu bilen duşuşygy boldy.
HHR-na döwlet saparynyň çäklerinde Hormatly Prezidentimiz Hytaýyň milli muzeýine baryp gördi. Bu ýerde Hormatly Prezidentimize muzeýiň direktory hytaý halkynyň baý sungatyny we köpmüň ýyllyk taryhyny aýawly saklamak we wagyz etmek maksady bilen döredilen dünýädäki iri muzeýiň täsin gymmatlyklaryny synlamaga çagyrdy. Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra Hormatly Prezidentimiz muzeýiň direktory we dostlukly ýurduň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden Pekiniň Şou Du halkara howa menziline geldi. Hormatly Prezidentimiz HHR-na bolan döwlet saparyny tamamlap, watanymyza ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakobdan hem-de Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasdan gutlag hatlary gelip gowuşdy. Gutlaglarda Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edilýär.








