HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ylmy-barlaglar: Pariž ylalaşygy 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 54%-ni halas eder

Ýanwar 06, 2023 | 23:01 |7242
Pariž ylalaşygynyň şertleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 50% halas edip biler, ýöne şertnama häzirkisi ýaly äsgermezlik edilse, bu görkeziji 32% bolar – diýip, The Guardian alymlaryň ylmy barlaglaryna salgylanyp ýazýar.Pariž ylalaşygynyň şertleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 50% halas edip biler, ýöne şertnama häzirkisi ýaly äsgermezlik edilse, bu görkeziji 32% bolar – diýip, The Guardian alymlaryň ylmy barlaglaryna salgylanyp ýazýar.
Çeşme:

Pariž ylalaşygynyň şertleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 50% halas edip biler, ýöne şertnama häzirkisi ýaly äsgermezlik edilse, bu görkeziji 32% bolar – diýip, The Guardian alymlaryň ylmy barlaglaryna salgylanyp ýazýar.

Pariž ylalaşygy bütin dünýäde howanyň maýlamagynyň iň umytly ssenariýsi bilen gitmegini çaklap, ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny «2 derejeden sähel aşakda» saklamagy özüne maksat edinýär.

Hödürlenen ylmy-barlaga laýyklykda ýüz ýyllygyň ahyryna ähli Merkezi Ýewropa, Kanada we ABŞ tutuş diýen ýaly buzsuz galarlar, bu bolsa Dünýä ummanynyň derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyna getirer. Bulardan başga-da, buzlaryň eremegi planetadaky 2 mlrd adamyň suw üpjünçiligini howp astyna goýar.

«Bütin dünýäniň temperaturasynyň 1,5 gradusdan ýokarlanmagy bilen buzluklaryň agramynyň tiz artýan ýitmegi daglyk etraplarda buzluklary saklap galmak üçin has netijeli howa borçnamalarynyň kabul edilmeginiň gaýragoýulmasyzdygyny nygtaýar» - diýip, ylmy barlagçylar belleýärler.

Buzluklar Ýerdäki agyz suwunyň esasy gorydyr: olaryň bolmagy bilen, Demirgazyk ýarymşardaky köp sebitlerde oba hojalygyny ýöredip bolýar we agyz suwy elýeterlikli bar. Mundan başga-da, ereme umytly çaklamada suwuň 90 mm ýokarlanmagyna, eger tersine bolan ýagdaýynda – 115 mm ýokarlanmagyna getirer, bu bolsa iri port şäherleriniň ýaşaýjylaryna howp salýar.

ORIENT habarlar
Surat: unsplash.com / Roxanne Desgagnés

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026
Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

14:00 Awgust 26, 2026
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026