HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Watan 05.01.2023

Ýanwar 06, 2023 | 02:42 |7217
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurduň resmi adamlary, şeýle hem HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurduň resmi adamlary, şeýle hem HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.
Çeşme:

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.

Döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugramak üçin paýtagtymyzyň halkara howa menziline gelip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen söhbetdeş boldy. Dostlukly ýurduň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Pekinde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga Hytaý tarapynyň uly ähmiýet berýändigini belläp, döwletara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjak hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz bu saparyň jemleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň uçary Hytaý halk respublikasyna ugrady. Birnäçe sagatdan soň Hormatly Prezidentimiziň uçary Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäheriniň Şoudo halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

6 ýanwarda Hytaý halk respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar. Duşuşygyň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça resminamalara gol çekiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli gutlag haty gelip gowşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulitden, Täze Zelandiýanyň general-gubernatory hanym Sindi Kiro bilen ýanýoldaşyndan gutlag hatlary gelip gowuşdy. Gutlaglarda Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti buýruga gol çekdi.

Buýruga laýyklykda 2023-nji ýylda ylymyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň şeýle-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026