HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlarynyň rus dilindäki makalalary GDA-da salgylanma getirilýänleriň arasynda iň öňdäki orny eýeleýär

Ýanwar 05, 2023 | 22:10 |11751
Türkmen alymlary tarapyndan rus dilinde ýazylan eserler Arkalaşygyň beýleki rus dilli ylmy-barlagçylarynyň makalalaryna garanda GDA-da has köp salgylanma getirilýär. Bu olaryň saldamlydygy barada aýdýar – diýip, «Rossiýskaýa gazeta» GDA ýurtlarynda rus diliniň ýagdaýyna bagyşlanan seljerme beriji makalada ýazýar.Türkmen alymlary tarapyndan rus dilinde ýazylan eserler Arkalaşygyň beýleki rus dilli ylmy-barlagçylarynyň makalalaryna garanda GDA-da has köp salgylanma getirilýär. Bu olaryň saldamlydygy barada aýdýar – diýip, «Rossiýskaýa gazeta» GDA ýurtlarynda rus diliniň ýagdaýyna bagyşlanan seljerme beriji makalada ýazýar.
Çeşme:

Türkmen alymlary tarapyndan rus dilinde ýazylan eserler Arkalaşygyň beýleki rus dilli ylmy-barlagçylarynyň makalalaryna garanda GDA-da has köp salgylanma getirilýär. Bu olaryň saldamlydygy barada aýdýar – diýip, «Rossiýskaýa gazeta» GDA ýurtlarynda rus diliniň ýagdaýyna bagyşlanan seljerme beriji makalada ýazýar.

Türkmenistandan bolan awtorlar bilen bir hatarda rus dilindäki ylmy işleriň salgylanma getirilmegi boýunça Ermenistandan, Baltika döwletlerinden we Moldowadan bolan alymlar öňde barýarlar.

Ylmy barlaga görä, ýurtlaryň arasynda rus dilli talyp toparlaryň sany boýunça Belorussiýa öňde barýar, onda bu görkeziji 100% deňdir, talyplaryň absolýut sany boýunça liderlik Gazagystana degişlidir (197,5 müň talyp). Şeýle hem soňky onýyllykda rus dilinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň sanynyň artyp barýandygy, aýratyn-da Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hasabyna artýandygy bellenilýär.

GDA-nyň giňişliklerinde kämil derejedäki rus dilçileriniň kemelmegi şertlerinde «Daşary ýurtdaky rus dili mugallymy» ynsanperwer taslamasynyň işi bellärliklidir, ol rus dilli mugallymlara daşary ýurtly çagalar bilen işleşmek mümkinçiligini hödürleýär. 2019-njy ýylda öz işine başlan wagtyndan bäri, taslama 10 müň adamyň bilim almagyna goldaw berdi.

Puşkin adyndaky Rus dili institutynyň barlaglary rus diliniň planetadaky ähli dilleriň sanawynda arap, portugal, nemes dillerinden öňe geçip iňlis, ispan, hytaý we franzus dillerinden soň bäşinji ýerde durýandygyny görkezdi.

Türkmenistanda rus dilini öwretmek boýunça uly işler geçirilýär. Ýurduň ähli orta bilim berýän okuw jaýlarynda rus dili hökmany sapaklaryň biri bolup durýar we daşary ýurt dili hökmünde okadylýar, käbir mekdeplerde bolsa diňe rus dilinde okadylýan aýratyn synplar bar.

Şeýle hem Türkmenistanda A. S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdep hereket edýär, iki sany türkmen ýokary okuw jaýy bolsa – D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti rus dili mugallymlaryny taýýarlamak bilen meşgullanýar.

ORIENT habarlar
Surat: timeacademy.az

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026