Watan 04.01.2023


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Ilki bilen Milli Geňeşiniň mejlisiniň başlygy Mämmedowa hem-de Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Babaýew täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler barada maglumat berdiler. Bellenilşi ýaly, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynda “Arkadag” şäheriniň gurluşygy bilen bagly giň gerimi taslamanyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda bu şähere iş saparyny amala aşyrdy hem-de “Arkadag” şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamasy bilen tanyşyp, taslamada göz öňüne tutulan gurluşyk işlerine ak pata berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabtlaryny diňledi. Wise-premýerler ýurdumyzyň ykdysadyýet maliýe we bank toplumynyň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy, nebit-gaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler şeýle-de Çeleken şertnamalaýyn çäginde ýerleşýän “Çeleken ýan gümmez” gurluşygyny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we 2023-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini ähli suw çeşmelerinden ugur alyp, degişli möçberde tassyklamak barada taýýarlanylan buýrugyň taslamasy, “Türkmen-atlary” döwlet birleşiginiň Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkyny täzelemek boýunça görülýän çäreler, senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işi, “Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmegiň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasy, 2023-nji ýylda aspirantura, doktoranturawe alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri hem-de şu ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly 10-njy türkmen-german forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Soňra ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Meredow hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, köpýyllyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň taraplaryň tagallalary netijesinde strategik häsiýete eýe bolandygyny belledi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiden, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisiden, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliden, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýden, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yndan, gutlag hatlary gelip gowuşdy. Gutlaglarda Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine gynaç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan RespublikasynyňPremýer-ministriNarendra Modä ejesi Hiraben Modiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine we onuň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi








