HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Geljegiň oýunlary" - sanly we fiziki dünýäniň çatrygyndaky özboluşly köp görnüşli sport taslamasy

Ýanwar 04, 2023 | 06:12 |11020
"Geljegiň oýunlary" atly halkara taslama kibersport we nusgawy sport görnüşleriniň utgaşyklygy esasyny düzýän we sportuň innowasion görnüşlerini ösdürmek hereketini goldamaga gönükdirilen sport ýaryşlarynyň täze görnüşidir."Geljegiň oýunlary" atly halkara taslama kibersport we nusgawy sport görnüşleriniň utgaşyklygy esasyny düzýän we sportuň innowasion görnüşlerini ösdürmek hereketini goldamaga gönükdirilen sport ýaryşlarynyň täze görnüşidir.
Çeşme:

"Geljegiň oýunlary" atly halkara taslama kibersport we nusgawy sport görnüşleriniň utgaşyklygy esasyny düzýän we sportuň innowasion görnüşlerini ösdürmek hereketini goldamaga gönükdirilen sport ýaryşlarynyň täze görnüşidir.

2024-nji ýylda Kazanda geçiriljek "Geljegiň oýunlary" atly halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu ýyl birnäçe synag çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

“Bu başlangyç häzirkizaman kompýuter tehnologiýalaryny we adaty sport ussatlygyny özünde jemleýän dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly taslama.

Bu çemeleşme täze görnüşleri arkaly adamlary, ilkinji nobatda ýaşlary sporta çekmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu başlangyjyň halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýandygyny göz öňünde tutmalydyrys" - diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa Moskwada täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen brifingde aýtdy.

Russiýa eýýäm agzalan taslamany durmuşa geçirmek üçin çynlakaý taýýarlyk işlerini geçirdi. 2024-nji ýylyň fewral aýynda Kazanda geçiriljek ýokary tehnologiýaly sport şüweleňi sportuň fiziki we sanly dünýälerdäki azyndan 16 görnüşini birleşdirer. Bäsleşik 9 gün dowam eder we 100-den gowrak ýurtdan 2000-den gowrak türgeni bir ýere jemlär.

2022-nji ýylda Kazanda üç synag çäresi - “Figital Live” halkara oýunlary geçirildi, ýene üçüsi 2023-nji ýyla meýilleşdirilýär. Bäsleşikler birnäçe ugurlary öz içine alar: elektron sport, hereket tehnologiýalary, robot tehnikasy, emeli aň, innowasiýa, ýokary tehnologiýa elementleri bolan nusgawy sport.

Geljekde şular ýaly köp görnüşli sport ýaryşlaryny dünýäniň dürli ýurtlarynda iki ýylda bir gezek uly baýrak gaznasy bilen geçirmek meýilleşdirilýär.

Giňişleýin maglumat "Geljegiň oýunlary" taslamasynyň internet saýtynda

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026