HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen ýerlerdäki oba hojalyk möwsümleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdy

Ýanwar 04, 2023 | 04:57 |11764
Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň esasy meselesi ýurduň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem   ýerlerde milli durmuş-ykdysady maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, ýylylyk, gaz-suw-elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň üznüksiz işledilişi baradaky meselelere garaldy.Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň esasy meselesi ýurduň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem   ýerlerde milli durmuş-ykdysady maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, ýylylyk, gaz-suw-elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň üznüksiz işledilişi baradaky meselelere garaldy.
Çeşme:

Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň esasy meselesi ýurduň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem ýerlerde milli durmuş-ykdysady maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, ýylylyk, gaz-suw-elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň üznüksiz işledilişi baradaky meselelere garaldy.

Welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary güýzlük bugdaýa ideg edilişi, geçiriljek gowaça ekişine, ýeralmanyň irki görnüşlerini hem-de beýleki miwe-gök önümleri ekmäge taýýarlyk görülişi bilen birlikde, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Şeýle hem Balkan we Mary welaýatlarynda dowam edýän gant şugundyrynyň ýygymy barada gürrüň edildi.

Döwlet Baştutany ýolbaşçylaryň her birine alnyp barylýan oba hojalyk işlerine gözegçilik etmek we durmuş-ykdysady wezipeleri çözmek boýunça aýratynlykda görkezmeleri berdi, şondan soňra wise-premýer Annageldi Ýazmyradowyň umumy hasabtyny diňledi. Wise-premýer, umuman, ýurt boýunça oba hojalyk önümçiliginiň görkezijileri, möwsümleýin işleriň barşy hem-de Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýagdaýy barada maglumat berdi.

Hususan-da, ol pudagyň zerurlyklary, oba adamlaryny hemme gerek bolan zatlar, şol sanda geljekki ekişi gowaça tohumlary, enjamlar we abzallar bilen üpjün etmek üçin döwlet tarapyndan satyn alnan we ýurda gelip gowşan tehnikalar barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty toplumlaýyn baha bermek bilen jemledi hem-de obasenagat ulgamynyň bazar düzüminiň kemala gelýän şertlerinde kärende gatnaşyklaryny ösdürmegiň, önümçiligiň we zähmetiň, oba telekeçiliginiň görnüşlerini guramagy kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026