HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň şäherlerinde halkara teatr festiwallary geçiriler

Ýanwar 05, 2023 | 15:59 |10063
Baharda Türkiýäniň birnäçe şäherlerinde halkara teatr festiwallary geçiriler, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan teatrlar gatnaşmaga çagyrylýar – diýip, ORIENT-e Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.Baharda Türkiýäniň birnäçe şäherlerinde halkara teatr festiwallary geçiriler, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan teatrlar gatnaşmaga çagyrylýar – diýip, ORIENT-e Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.
Çeşme:

Baharda Türkiýäniň birnäçe şäherlerinde halkara teatr festiwallary geçiriler, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan teatrlar gatnaşmaga çagyrylýar – diýip, ORIENT-e Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.

Hususan-da, 28-nji maýdan 30-njy maýa çenli Sabançi gaznasy bilen bilelikde Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan gurnalan Adananyň 24-nji Halkara festiwaly geçiriler. 1998-nji ýylda milli derejede başlanan festiwal gysga wagtyň içinde halkara ähmiýete eýe boldy. Şol ýyllaryň dowamynda ol dürli ýurtlardan 200-e golaý teatr toparlaryny – Fransiýadan, Bolgariýadan, Gresiýadan, Beýik Britaniýadan, Tatarystandan, Makedoniýadan, Hindistandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Serbiýadan, Kubadan, Russiýadan, Italiýadan, ABŞ-dan, Rumyniýadan, Müsürden, Şweýsariýadan, Daniýadan we ş.m. ýygnapdy.

20-nji maýdan 30-njy maý aralygynda Konýa «Müň dem alyş, bir ses» atly 15-nji halkara teatr festiwalyny kabul eder. Ol Türkiýäniň döwlet teatrlary we Konýa şäheriniň Döwlet teatry tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň döredijilik kollektiwleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen gurnalýar.

2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Ankarada çagalar teatrlarynyň «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly 18-nji halkara festiwaly açylýar. Ol her ýyl Ankarada Türkiýäniň döwlet teatrlarynyň baş müdirligi tarapyndan Milli garaşsyzlyk güni we çagalary goramak gününe bagyşlanyp geçirilýär. Bu ýyl festiwal 30-njy aprele çenli dowam eder.

4-nji martdan 18-nji mart aralygynda Balkan sebiti ýurtlarynyň «Balkan Brizi» atly 10-njy Halkara teatr festiwaly geçiriler, 17-nji maýdan 27-nji maýa çenli bolsa – Türkiýäniň paýtagty Ankara 13-nji Halkara teatr festiwalyny kabul eder. 15-nji maýdan 30-njy maýa çenli Trabzonda Halkara Gara deňiz teatr festiwaly geçiriler.

ORIENT habarlar
Surat: medeniyet.edu.tr

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026