HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2022-nji ýylyň jemini jemledi

Ýanwar 04, 2023 | 21:28 |8694
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda tamamlanan futbol möwsüminiň jemini jemlediler, onuň çäklerinde Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy “Köpetdag” FK-nyň oýunçysy Begen Akmämmedow boldy. 24 ýaşly ýarym goragçy 19 gol salmagy başardy.Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda tamamlanan futbol möwsüminiň jemini jemlediler, onuň çäklerinde Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy “Köpetdag” FK-nyň oýunçysy Begen Akmämmedow boldy. 24 ýaşly ýarym goragçy 19 gol salmagy başardy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda tamamlanan futbol möwsüminiň jemini jemlediler, onuň çäklerinde Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy “Köpetdag” FK-nyň oýunçysy Begen Akmämmedow boldy. 24 ýaşly ýarym goragçy 19 gol salmagy başardy.

«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynyň iň gowy bombardiri diýlip ykrar edildi. Onuň hasabynda derwezä girizilen pökgileriň sany 27 boldy.

Öz gezeginde toparyň halypasy Mergen Orazow 2022-nji ýylyň möwsüminde ýurduň iň gowy tälimçisi adyna eýe boldy. Onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» öz taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazandy we Türkmenistanyň kubogynyň eýesi boldy. Öz baýrak derejesinde «Ahalyň» derwezeçisi Rasul Çaryýew başgalara gezek bermedi we iň birinji derwezeçi boldy.

«Feýr-pleý» baýragy iň gowy tertibi görkezen topara gowşurylýar, ol baýraga bu ýyl «Merw» topary eýe boldy.

Sport habarçylarynyň we Türkmenistanyň ýokary futbol ligasynyň wekilleriniň ses bermeleri 2022-nji möwsümiň hem birinji hem ikinji düzümde 22 sany iň gowy futbolçysyny anyklady.

Birinji düzümiň iň gowy oýunçylary «Ahalyň» derwezeçisi Rasul Çaryýew, goragçylar Mekan Saparow («Altyn Asyr»), Abdy Bäşimow, Şöhrat Söýünow, Ata Geldiýew, (hemmesi «Ahal»); ýarym goragçylar Mürze Beknazarow, Arslanmyrat Amanow (ikisem «Ahal»), Ahmet Ataýew, Altymyrat Annadurdyýew (ikisem «Altyn Asyr»); şeýle hem, hüjümçiler Didar Durdyýew («Ahal») we Begenç Akmämmedow («Köpetdag») boldular.

Ikinji düzümde tapawutlandylar Mämmet Orazmämmedow («Altyn Asyr») – derwezeçi, Zafar Babajanow, Yhlas Toýjanow (ikisem «Altyn Asyr»), Serdar Baýramow («Köpetdag»), Ybraýym Mämmedow («Ahal») – goragçylar; Ilýa Tamurkin, Elman Tagaýew («Ahal»), Mekan Aşyrow («Şagadam»), Myrat Annaýew («Altyn Asyr»)- ýarym goragçylar; Alibek Abdurahmanow («Merw»), Kerim Hojaberdiýew («Şagadam») —hüjümçiler.

ORIENT habarlar
Surat: Türkmenistanyň futbol Federasiýasy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026