HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Ýüpek ýolunyň merkezlerinden biri - Hywa şäherinde “Mercure” atly täze myhmanhana açylar

Dekabr 20, 2022 | 02:57 |6441
Özbegiýanyň Beýik Ýüpek ýolunyň iň möhüm merkezlerinden biri bolan Hywa şäherinde “Mercure” ady bilen täze myhmanhana peýda bolar. Özbegistanyň habarlar gulluklarynyň ýazmagyna görä, ony düzümine "by Mercure"diýen bellikli oteller  girýän Accor iri halkara  myhmanhana operatory gurar.Özbegiýanyň Beýik Ýüpek ýolunyň iň möhüm merkezlerinden biri bolan Hywa şäherinde “Mercure” ady bilen täze myhmanhana peýda bolar. Özbegistanyň habarlar gulluklarynyň ýazmagyna görä, ony düzümine "by Mercure"diýen bellikli oteller  girýän Accor iri halkara  myhmanhana operatory gurar.
Çeşme:

Özbegiýanyň Beýik Ýüpek ýolunyň iň möhüm merkezlerinden biri bolan Hywa şäherinde “Mercure” ady bilen täze myhmanhana peýda bolar. Özbegistanyň habarlar gulluklarynyň ýazmagyna görä, ony düzümine "by Mercure"diýen bellikli oteller girýän Accor iri halkara myhmanhana operatory gurar.

1.png

Myhmanhana 2025-nji ýylda açylar. OL medeni miras ýadygärliginiň gapdalynda – 22 gektar meýdana tutýan köne Içan-Kala şäherine ýakyn ýerde ýerleşer. Bu ýerde 2 sany şa köşgi, 27 medrese, uly Juma metjidi, köp sanly kiçiräk metjitler, minaralar, mawzoleýler, bazar, kerwensaraýlar, hammamlar, dolandyryş we ýaşaýyş jaýlary bar. Syýahatçylar demirgazyk derwezede şäher diwarlaryna çykyp, ajaýyp görnüşden lezzet alyp bilerler.

03 (1).jpg

Merkure barmak örän aňsat bolar - myhmanhana Ürgenç howa menzilinden ulagly 30 minutlyk we demir ýol menzilinden pyýada 10 minutlyk aralykda ýerleşer.

“Täze myhmanhananyň artykmaçlyklary bu täsin oazis-şäherde jemlenen gadymy Gündogara mahsus bolan rahatlyk, ajaýyplyk, nepislik, däp-dessurlara ygrarlylyk ýaly hakyky gözelligiň üstüni ýetirer. Hywa şäherindäki Mercure myhmanhanasynyň myhmanlarynyň täze otelden we onuň daş-töweregindäki ýerli gözelliklerden lezzet aljakdygyna ynanýarys" – diýip, Accor New East Europe baş direktory Aleksis Delaroff aýtdy.

03 (2).jpg

Özbegistanyň Hywa şäherindäki iki gatly Merkure syýahatçylara ýerli medeniýetden ylham alýan ajaýyp dizaýn bezegli amatly otaglaryň 146-syny hödürlär. Basseýni we häzirki zaman fitnes zaly bolan SPA-merkez, restoran, kafe, şeýle hem işewürlik çärelerini geçirmek üçin mejlisler zallary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.

Accor 1967-nji ýylda döredilen iň uly halkara myhmanhana operatorydyr. Bu konsern dünýäniň 110 ýurdunda 5 müňden gowrak myhmanhanany we 10 müň restoran, kafe we barlary birleşdirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026