HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Futbol dünýäsi ýitgini başdan geçirýär - Pele aradan çykdy

Dekabr 30, 2022 | 06:23 |9388
Dünýäniň üç gezek çempiony bolan braziliýaly Pele 82 ýaşynda aradan çykdy.Dünýäniň üç gezek çempiony bolan braziliýaly Pele 82 ýaşynda aradan çykdy.
Çeşme:

Dünýäniň üç gezek çempiony bolan braziliýaly Pele 82 ýaşynda aradan çykdy.

“Biz sizi çäksiz söýýäris. Ýatan ýeriň ýagty bolsun"- diýip, futbolçynyň gyzy Kelli Nasimimentu öz Instagramynda ýazýar. Ölümiň sebäbi “ýogyn içegäniň rak keseliniň otrisatel dinamikasy netijesinde organlaryň işlemegi bes etmegidir”.

29-njy noýabrda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi saglygynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, keselhana ýerleşdirilçär. Oňa böwrek we ýürek ýetmezçiligi diagnozy goýuldy.

Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, keseli bilen baglanyşykly geçirilen himiýa bejergisi oňyn netijäni bermegi bes edipdir.

Pele oýunçy hökmünde dünýäniň üç gezek çempiony bolan taryhda ýeke-täk futbolçydyr (1958, 1962 we 1970-nji ýyllarda).

Dünýä çempionatynyň jemleýji ýaryşlarynda ol jemi 14 oýna gatnaşdy we 12 pökgi geçirdi, şol sanda 3-si jemleýji eňiş gollarydyr.

Klub derejesinde Pele iki gezek Libertadores kubogyny we kontinentara kubogy (1962 we 1963-nji ýyllarda) gazanan Braziliýanyň “Santos” we Amerikanyň “Nýu-York Kosmos” klublarynda çykyş etdi.

FIFA Futbol toparynyň, World Soccer и France Football wersiýasy boýunça Pele XX asyryň iň gowy futbolçysy we Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan XX asyryň iň gowy türgeni diýlip ykrar edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026