HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Diplomatlar aýdýarlar: Arkadag şäheri – Türkmenistanyň beýik maksatlarynyň nyşany

Dekabr 30, 2022 | 03:57 |18038
Penşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahat Arkadag şäheri – dünýäniň şähergurluşyk taslamasynyň milli nusgasy diýen meselä bagyşlandy. Oňa ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly ilçiler, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, şeýle hem talyplar gatnaşdylar.Penşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahat Arkadag şäheri – dünýäniň şähergurluşyk taslamasynyň milli nusgasy diýen meselä bagyşlandy. Oňa ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly ilçiler, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, şeýle hem talyplar gatnaşdylar.
Çeşme:

Penşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahat Arkadag şäheri – dünýäniň şähergurluşyk taslamasynyň milli nusgasy diýen meselä bagyşlandy. Oňa ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly ilçiler, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, şeýle hem talyplar gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berlip, onuň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagy mynasybetli guralan forumyň açylyş dabarasynda myhmanlary Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew mübärekledi.

1672334134605_1.jpg

Ilki bilen wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdi. Soňra ilçilere söz berildi.

Russiýanyň ilçisi Aleksandr Blohin, hususan-da, innowasion tehnologiýalaryň, häzirki zamanyň ekologiýa talaplarynyň hem-de adamlar baradaky alada ýugrulan durmuş maksatly wezipeleriň täzeçil çözgütleriniň ussatlyk bilen utgaşdyrylandygyny belledi. Diplomat Kpetdagyň dag eteklerinde akylly şäheriň gurluşygynda Russiýanyň işläp taýýarlamalarynyň hem ulanylandygyny nygtady.

1672334137049_2.jpg

Ol şäheriň diňe türkmen hünärmenleriniň güýji bilen gurulýandygyny, taslamanyň durmuşa geçirilmegine türkmen inženerleriniň we tehniki hünärmenleriniň, şol sanda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan hünärmenleriň gatnaşýandygyny belläp geçdi. Rus ýokary okuw mekdeplerinde häzirki günde 30 müňe golaý türkmen talyplary okaýarlar, özi-de, olaryň 3 müňe golaýy muzdsuz esasda bilim alýar.

Blohiniň pikirine görä, bu aç-açanlyk, strategik we uzak möhletleýin esasda ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklary babatda gepiň gerdişine görä aýdylan uly bolmadyk sözlerdir.

3.jpg

Öz nobatynda ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimou başga bir meselä – şäheri diňe bir binalaryň jemlenen ýeriniň däl-de, ony nämäniň adamyň ýaşaýan öýüne öwürýändigi baradaky meselä ünsi çekdi. Ilçiniň pikirine görä, şäher diňe bir binagärligi bilen joşdurman, eýsem, “ýürek üçin hem özüne çekiji” bolmalydyr, öz ýaşaýjylarynyň belent maksatlarynyň nyşanyna öwrülmelidir. Arkadag şäheri Türkmenistanyň beýik maksatlarynyň nyşanydyr, şäheriň kalby bolsa ýurduň gadymy mirasynda, onuň tarhynda, halkyň baý medeni däp-dessurlarynda jemlenýär, şolar hem Ahalyň täze dolandyryş merkeziniň keşbinde beýanyny tapýar.

4 (2).jpg

Milli gymmatlyklar, ruhy baýlyk – şu berk binýatda geljegiň şäheri – Arkadag şäheri gurlupdyr diýip, Klimou aýtdy hem-de ABŞ-nyň hem bu taslamanyň ösdürilmegine maýa goýmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, söwda, syýahatçylyk ulgamlarynda we beýlekilerde ýokary tehnologiýalaryny hem-de işewür gatnaşyklaryny teklip etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa öz çykyşynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň örän gysga wagtyň içinde tamamlanmagynyň ýokary halkara baha mynasyp bolup, Durnukly ösüş maksatlaryna iş ýüzünde ýetmäge hem-de ekologik, durmuş ugurly, “akylly” şäher ulgamlaryny ýol goýmakda döwletimiziň goşýan goşandyny ýüze çykarýandygyny belledi.

5.jpg

Bu barada BMG-niň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasy ýaly abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen edarasy (BMG-Habitat) bilen gatnaşyklaryň alnyp barylýar. Olaryň wekilleri ýurdumyzda häzirki döwürde şäherleşmäniň öňdebaryjy tejribesine aýratyn üns berýärler hem-de bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýar diýip, Ataýewa aýtdy.

6.jpg

Ol şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi – Arkadag şäheri bilen BMG-den bolan kärdeşlerini tanyşdyrmak maksatly wideo maslahatlaryň birnäçesiniň gçirilendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Şol tanyşdyrmalaryň barşynda BMG-niň edaralarynyň bu taslama bilen iş ýüzünde tanyşmaga, şeýle hem hapalanmalary, goh-galmalagallary we howa bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga, iş orunlarynyň sanyny köpeltmäge, ilatyň saglygyny gowulandyrmaga hem-de hal-ýgdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen şähergurluşyk konsepsiýasy ulgamynda tejribe alyşmaga ýokary gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.

Şeýle hem forumda Türkiýäniň ilçisi Togan Oral, HHR-niň ilçisi Sýan Naýçen we Saud Arabystanynyň ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd, şeýle hem birnäçe ýurtlardaky türkmen ilçileri çykyş etdiler.

7.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026