Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda birnäçe täze desgalaryň açylyşyna gatnaşdy


Çarşenbe güni paýtagtymyzyň “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda birnäçe täze desgalaryň – ýaşaýyş jaýlaryň, hojalyk we medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy diýip, Orient-iň çeşmesi habar berdi.

Baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem ýurduň hökümetiniň, hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň diplomatlary, halkara guramalaryň, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda täze desgalaryň açylmagy şäherliler üçin ajaýyp täze ýyl sowgady boldy. Şol desgalar, şähergurluşyk taslamasyna laýyklykda 91,06 gektar meýdanda ýerleşdirildi, olary ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça ýerli kompaniýalaryň 40-sy bina etdi. Paýtagtyň geljegi uly we depginli ösýän bu künjeginde gurluşyklary alyp barmak baradaky degişli buýruga Türkmenistanyň prezidenti 2018-nji ýylyň oktýabrynda gol çekdi.

Üç ýyldan soň, bu ýerde 4 gat beýiklikdäki köp öýli täze jaýlaryň 62-si, 320 orunlyk orta bilim berýän mekdep, 160 çaganyň gatnap biljek häzirkizaman çagalar bagy, şeýle hem söwda we medeni-dynç alyş merkezleri, uly bazar hem-de dürli dükänlaryň 10-sy peýda boldy.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda bagtyýar maşgalalaryň 3070-si jaý toýuny tutarlar, olara şu gün enjamlaşdyrylan öýleriniň açarlary gowşuryldy. Olar “Gurtly” häzirkizaman ýaşaýyş toplumynyň täze ýaşaýjylary bolarlar. Bu toplum soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň iň oňat hem-de depginli ösýän künjeginiň birine öwrüldi.
ORIENT news








