HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň serhet instituty 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligi yglan edýär

Dekabr 26, 2022 | 21:24 |14236
Türkmenistanyň serhet instituty 2023-2024-nji okuw ýylynda Döwlet serhet gullugynyň hünärmenlerini taýýarlamak üçin kabul edişligi yglan edýär – diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.Türkmenistanyň serhet instituty 2023-2024-nji okuw ýylynda Döwlet serhet gullugynyň hünärmenlerini taýýarlamak üçin kabul edişligi yglan edýär – diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň serhet instituty 2023-2024-nji okuw ýylynda Döwlet serhet gullugynyň hünärmenlerini taýýarlamak üçin kabul edişligi yglan edýär – diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýaşy 24-den uly bolmadyk, orta bilimli we çagyryş boýunça harby gullugy geçen oglanlar, şeýle hem ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň uçurymlary, şeýle hem HG-iň hataryny doldurmaga isleg bildirýän gyzlar dalaşgär bolup bilerler.

Resminamalary kabul etmek we okuw orunlaryna bäsleşik 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli geçer.

Zerur bolan resminamalar:

-Institutyň rektorynyň adyna arza, -
-şahsy maglumat we terjimehal, -
-maşgala ýagdaýy barada kepilnama, -
-ata-enäniň iş ýerinden kepilnama, -
-ata-enäniň haýsy hem bolsa biriniň ölümi hakda kepilnama (eger-de bar bolsa), -
-soňky iş ýerinden ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama, -
-saglygy hakda kepilnama, -
-pasport, -
-harby bilet, -
-zähmet depderçesi (eger bar bolsa), -
-orta bilim hakynda attestat, -
-9x12 ölçegde 1 sany we 3x4 ölçegde 9 sany surat.

Synaglar “türkmen dili”, “Türkmenistanyň taryhy” we “matematika” derslerinden bolar. Synaglar döwlet dilinde geçiriler.

Salgy: Aşgabat şäheri, S. Türkmenbaşy şaýoly, jaý 175. Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-49-60, 40-49-61, 40-49-26.

ORIENT habarlar
Surat: serhetabat-dovletabat.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Hytaýly matematikler Den Ýuý we Wan Hun ilkinji gezek Filds baýragyna mynasyp boldular

Hytaýly matematikler Den Ýuý we Wan Hun ilkinji gezek Filds baýragyna mynasyp boldular

21:00 Iýul 25, 2026
Gyrgyzystanda ŞHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Gyrgyzystanda ŞHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

20:00 Iýul 25, 2026