ABŞ-da soňky 40 ýyldaky iň aýazly Roždestewo boldy


Güýçli gyş harasaty ABŞ-na soňky 40 ýylda iň sowuk roždestwo howasyny getirdi. Güýçli şemal elektrik togunyň simlerini gopardy, ilatyň bir ýarym milliondan gowragy elektrik toksuz galdy. Käbir ştatlarda howanyň temperaturasy minus 40 derejeden aşak düşdi. Bu barada ABŞ-nyň milli meteorologik gullugy habar berýär.
Sişenbe güni sowuk howa ýurduň demirgazyk-günbataryna geldi, soňra gündogara tarap hereket etdi. Ol köp amerikanlylaryň roždestwo meýilnamasyny bozdy. Iki müňden gowrak uçar gatnawlary ýatyryldy. Bökdençlikler diňe ýolagçy gatnatmakda däl-de, eýsem ýük daşamakda hem boldy. Eltip berme hyzmaty işlänok.
Uly mukdarda düşen ygal howa maýlap, gar eräp başlan mahaly köp ştatlarda sil almagyna getirip biler. Howa maglumatlary gulluklarynyň çaklamalaryna görä, Amerika häzirlikçe arktiki sowuklaryň täsiri astynda galýar.
ORIENT habarlar
Surat: Twitter








