HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň iň köp pökgi geçiren futbolçysy bilen söhbetdeşlik

Dekabr 26, 2022 | 03:11 |15337
Türkmenistanda futbol möwsümi tamamlandy. "Ahal" öz taryhynda ilkinji gezek çempion adyna mynasyp boldy, şeýle hem Türkmenistanyň kubogyny aldy.Türkmenistanda futbol möwsümi tamamlandy. "Ahal" öz taryhynda ilkinji gezek çempion adyna mynasyp boldy, şeýle hem Türkmenistanyň kubogyny aldy.
Çeşme:

Türkmenistanda futbol möwsümi tamamlandy. "Ahal" öz taryhynda ilkinji gezek çempion adyna mynasyp boldy, şeýle hem Türkmenistanyň kubogyny aldy.

Bu möwsümde 27 pökgi geçiren “Ahalyň” futbolçysy Didar Durdyýew ýaryşlarda gowy netije görkezmek bilen, garşydaş toparyň derwezesine geçiren pökgüleriniň sany boýunça ýeňiji boldy.

“Ahalyň” geljek möwsümde Aziýanyň baş klub futbol ýaryşy bolan AFK Çempionlar ligasynda Türkmenistana wekilçilik etjekdigini bellemek isleýäris.

ORIENT "Ahalyň" hüjümçisi bilen söhbetdeş boldy we toparyň üstünliginiň syrynyň nämededigi, klubuň geljek futbol möwsümine nähili meýilnamalarynyň bardygy bilen gyzyklandy:

― "Ahal" öz taryhynda ilkinji çempionlygyny, Türkmenistanyň kubogyny gazandy. Möwsüm başlamazdan öň toparyň öňünde nähili meseleler goýuldy?

― Ilki bilen janköýerlerimizi, ýolbaşçylarymyzy, futbolçylary bu möhüm waka bilen gutlamak isleýärin. Biz bu maksada ýetmek üçin diýseň köp işledik we biziň toparymyz Türkmenistanyň çempionatynyň altyn medallaryna we ýurduň kubogyna hakykatdan-da mynasyp diýip pikir edýärin.

Bu ýyl möhüm, şanly wakalar köp boldy we olaryň biri – klubuň Aziýanyň iň gowy klub ýaryşynda ilkinji çykyşy.

Her ýyl klubuň öňünde uly maksatlar goýulýar. Uzak wagtlap çempionlyk ugrunda göreşdik we ahyrsoňy maksadymyza ýetdik.

― Siz çempionatyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy bolduňyz. Haýsy topara garşy oýnamak has kyn boldy we näme üçin?

― Her gol, tutuş toparyň sazlaşykly hereketleriniň netijesidir. Şeýle ada gowy topardaşlaryň we tälimçiler topary bolmasa mynasyp bolmak kyn bolardy.

Çempionatda aňsat oýun bolanok. Her oýna hem beden taýdan, hem ruhy taýdan taýýarlyk görýäris. Iň güýçli garşydaşymyz "Altyn Asyr" ("Ahal" -yň hasabyna - 3:0) bilen geçirilen oýun çempionatyň iň kyn duşuşyklaryndan biridir, sebäbi toparlaryň hersi çynlakaý taýynlyk görýär, hersiniň öz täri-tilsimi bar. Bu ýagdaýda duşuşyk dartgynly geçýär, iki toparyň hem wezipesi – ýeňmek.

― Bu ýyl “Ahal” öz taryhynda ilkinji gezek Aziýa Çempionlar ligasyna gatnaşdy. Toparyň oýnuna, beýleki Aziýa klublary bilen deňeşdirilende, nähili baha berip bilersiňiz?

― Meniň pikirimçe, “Ahal” AFK Çempionlar ligasynda gowy çykyş etdi. Has görnükli garşydaşlary bilen bäsleşip, köp tejribe gazandyk. Bu ýaryşa gatnaşmak biziň üçin öňe tarap uly ädim boldy. Her duşuşykda elimizden gelenini etdik we hiç bir topar muny inkär edip bilmez.

― “Ahal” ýene Aziýa Çempionlar ligasyna çykdy. Indiki möwsümde mynasyp çykyş etmek üçin näme etmeli?

― Hawa, ýene-de Aziýanyň iň gowy klub ýaryşynda oýnamak mümkinçiligini gazandyk. Bizde eýýäm käbir tejribelerimiz bar. Gowy taýýarlanmaly we hasam gowy çykyş etmäge synanyşmaly.

Söhbetdeş bolan Artur PETROSYANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026
Daniýa, Grenlandiýa we ABŞ Arktikada howpsuzlygy güýçlendirmek baradaky ylalaşyga gol çeker

Daniýa, Grenlandiýa we ABŞ Arktikada howpsuzlygy güýçlendirmek baradaky ylalaşyga gol çeker

19:00 Sentýabr 20, 2026
TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

23:34 Sentýabr 19, 2026