HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Imperator pingwinleri asyryň ahyryna çenli ýok bolup bilerler

Dekabr 26, 2022 | 16:23 |6894
Dünýä ýüzünde bolup geçýän global maýlama we Ýerde howanyň üýtgemegi 2010-nji ýyla çenli Antarktidada janly organizmleriň ýok bolmagyna getirmegi mümkin. Iň gowşak görnüşleriň hataryna – imperator pingwinleri hem girýär - diýlip, PLO Biology žurnalynda çap edilen ylmy-barlagda nygtalýar.Dünýä ýüzünde bolup geçýän global maýlama we Ýerde howanyň üýtgemegi 2010-nji ýyla çenli Antarktidada janly organizmleriň ýok bolmagyna getirmegi mümkin. Iň gowşak görnüşleriň hataryna – imperator pingwinleri hem girýär - diýlip, PLO Biology žurnalynda çap edilen ylmy-barlagda nygtalýar.
Çeşme:

Dünýä ýüzünde bolup geçýän global maýlama we Ýerde howanyň üýtgemegi 2010-nji ýyla çenli Antarktidada janly organizmleriň ýok bolmagyna getirmegi mümkin. Iň gowşak görnüşleriň hataryna – imperator pingwinleri hem girýär - diýlip, PLO Biology žurnalynda çap edilen ylmy-barlagda nygtalýar.

Alymlaryň işleriniň netijeleri buzuň ýok bolmagynyň sebitdäki ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşleriniň köpüsiniň ýok bolmagyna howp salýar. Imperator pingwinleri we Adeli pingwinleri aprel aýyndan dekabr aýyna çenli öz çagalaryny höwürtgelerinde saklamak üçin buzuň üstünde bolýarlar. Eger-de buz wagtyndan öň erese ýa-da giç doňsa, pingwinler öz reproduktiw tapgyrlaryny tamamlamaly bolarlar, bu bolsa olaryň görnüşleriniň ýok bolmagyna getirer.

Şeýle hem bu materigiň janly organizmlerine Ýeriň hapalanmagy we gazylyp çykarylýan ýangyjyň zyňyndylary ýaramaz täsir edýär. Alymlar Antarktidany gorap saklamak boýunça häzirki tagallalar kontinentdäki üýtgemeler sebäpli asla netije bermeýändigini belleýärler.

“Hakykatda Antarktida howanyň üýtgemegine täsir edenok; ol ýerde adamlaryň köp sany ýaşanok, şol sebäpli bu kontinente iň uly howp kontinentiň daşyndan gelýär. Bize hakykatdan-da howany üýtgetmek boýunça global hereketler zerur bolup durýar, şeýle hem Antarktidadaky görnüşlere geljekde aman galmak üçin iň gowy mümkinçilikleri bermek üçin, olary gorap saklamak boýunça ýerli we sebitleýin tagallalar gerek – diýip, ylmy barlagyň baştutany Žasmin Liw aýtdy.

ORIENT habarlar
Foto: unsplash.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026