HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Marsdaky şemal adamzada elektrik energiýasyny öndürmäge kömek edip biler

Dekabr 23, 2022 | 06:02 |8454
Aeronawtika we kosmos giňişligindäki barlaglar boýunça Milli müdirligiň (NASA) ylmy barlagçylary Marsyň köp böleginde şemalyň tizliginiň turbinalaryň elektrik toguny öndürmegi üçin ýeterlik güýçlidir diýen netijä geldiler – diýip, Phys.org habar berýär.Aeronawtika we kosmos giňişligindäki barlaglar boýunça Milli müdirligiň (NASA) ylmy barlagçylary Marsyň köp böleginde şemalyň tizliginiň turbinalaryň elektrik toguny öndürmegi üçin ýeterlik güýçlidir diýen netijä geldiler – diýip, Phys.org habar berýär.
Çeşme:

Aeronawtika we kosmos giňişligindäki barlaglar boýunça Milli müdirligiň (NASA) ylmy barlagçylary Marsyň köp böleginde şemalyň tizliginiň turbinalaryň elektrik toguny öndürmegi üçin ýeterlik güýçlidir diýen netijä geldiler – diýip, Phys.org habar berýär.

Öňler alymlar ýerdäki ýel degirmenleriniň kömegi bilen şemaly toga öwürmek başartmaz, sebäbi planetadaky atmosfera gatlagy gaty ýuka we şemalyň ýokary tizligine garamazdan, onuň güýji energiýany öndürmäge ýetmez diýip hasaplaýardylar.

Ýöne NASA-daky astronomlar Siýetldäki Waşington uniwersitetiniň kärdeşleri bilen bilelikde Marsda energiýanyň kesgitli mukdaryny öndürmek üçin ýeterlik kuwwatda şemally ýerleriň bardygynyň üstüni açdylar.

Munuň üçin olar Gyzyl planeta Ýerdäki howa maglumatyny öňünden aýtmak üçin ulanylýan howa modelini ulandylar, ol model gün şöhlelenmesiniň mukdary, atmosferada tozanyň we ýylylyk energiýasynyň derejesi we planetanyň dürli sebitlerindäki landşaft ýaly ýagdaýlary göz öňüne tutýar.

Ylmy-barlagçylar şemalyň güýji bilen tok öndürýän generatorlary kraterleriň we wulkanly beýik daglaryň gyralarynda, şeýle hem planetalaryň polýuslarynyň töweregindäki tegelek akymly ýerlerde oturdyp boljakdygy baradaky karara geldiler.

Marsa ýük daşamagyň has gymmatdygyny göz öňünde tutup, alymlar bu gurluşlary ýerdäkä garanda has ýeňil materiallardan ýasamaly boljakdygyny bellediler.

ORIENT habarlar
Surat: naked-science.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026