HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýanyň JETRO edarasy türkmen işewürligi üçin mümkinçilikleriň täze penjiresini açyp biler

Dekabr 22, 2022 | 18:03 |6707
Çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Raşid Meredow Ýaponiýanyň daşary söwdany ösdürmek boýunça edarasynyň (JETRO) baş ýerine ýetiriji direktory Nobuhiko Sasaki bilen duşuşdy we Türkmenistanda JETRO edarasynyň ofisini açmaklygy ara alyp maslahatlaşdy.Çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Raşid Meredow Ýaponiýanyň daşary söwdany ösdürmek boýunça edarasynyň (JETRO) baş ýerine ýetiriji direktory Nobuhiko Sasaki bilen duşuşdy we Türkmenistanda JETRO edarasynyň ofisini açmaklygy ara alyp maslahatlaşdy.
Çeşme: jetro.go.jp

Çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Raşid Meredow Ýaponiýanyň daşary söwdany ösdürmek boýunça edarasynyň (JETRO) baş ýerine ýetiriji direktory Nobuhiko Sasaki bilen duşuşdy we Türkmenistanda JETRO edarasynyň ofisini açmaklygy ara alyp maslahatlaşdy.

JETRO-nyň türkmen işewürligi üçin nähili mümkinçilikleri açýandygyny we ýurtda bu guramanyň wekilhanasynyň döredilmeginden nämelere garaşyp boljakdygyny ORIENT öz sahypasynda düşündiriş bermek isleýär.

Esasan, JETRO türkmen işewürleri üçin Ýaponiýanyň bazaryna, ýapon işewürleri üçin bolsa – türkmen bazaryna elýeterliligi açyp biler.

JETRO daşary ýurt kompaniýalaryna Ýaponiýada iş açmaga we giňeltmäge kömek edýär, öňdebaryjy işewürlik merkezlerinde boş edara jaýlaryny berýär we Ýaponiýada iş alyp barmak barada maglumata elýeterliligi açýar.

Guramanyň esasy maksady halkara söwdasynyň we dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam etmekdir. Şuňa meňzeş guramalar bilen bilelikde JETRO dünýä ykdysadyýetini, söwdany we maýa goýumyny barlaýar, olaryň netijeleri bolsa söwdanyň we halkara işewürligiň ösmegine ýardam edýär.

JETRO bilen hyzmatdaşlyk Ýaponiýa we beýleki döwletler bilen girdejili söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam edýär. Şu günki günde bu guramanyň bütin dünýä boýunça 70-den gowrak wekilhanalary bar.

«Biz JETRO-da halkara kompaniýalaryny Ýaponiýada uly şatlyk bilen garşylaýarys! Ýaponiýa- işi alyp barmak üçin ähli mümkinçilikleri we işjeň iş gurşawyny hödürleýän innowasiýalar üçin iň gowy ýurtdur, dünýäde onuň taýy ýokdur» - diýip, JETRO-nyň Başlygy Hiroýuki Isige belleýär.

ORIENT
Surat: jetro.go.jp

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026