Türkiýe gaz paýlaýjy merkezi döretmek taslamasyny bir ýylyň dowamynda durmuşa geçirmegi maksat edinýär


Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň ýolbaşçysy Fatih Dönmez ýurduň çäklerinde tebigy gazy Ýewropa ibermek boýunça eneregetika merkezini döretmek taslamasyny bir ýylyň dowamynda durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu barada TRT teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berýär.
“Biz alyjyny we satyjyny (zerurlyklaryny) kanagatlandyryp biljek hem-de bu (gaz) bazarynda amallary ygtybarly amala aşyryp biljek merkezi döretmegi maksat edip goýýarys. Şeýle bazary bir ýylyň dowamynda döretmek meýlimiz bar. Durnukly bazar döreýänçä geçiş döwründe biziň çäkli bazardan başlamagymyz mümkin” diýip, Dönmez aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň energetika ministrlikleriniň ýolbaşçylary Türkmenbaşy şäherinde dekabrda geçirilen üç ýurduň prezidentleriniň sammitinde kabul edilen çözgütler bilen baglylykda, ýakyn wagtda Ýewropa ibermegiň taslamasyny ara alyp maslahatlaşarlar.
“Iş topary gysga möhletde mümkin bolan hemme beýleki ugurlary maslahatlaşar. Soňra biz üç ministr bolup jemlenişeris hem-de olara baha bereris, şonuň yzýany bilen ähli jikme-jiklikleri özünde jemleýän hasabaty öz liderlerimize bereris, olar oňa gutarnykly serederler” diýip, Dönmez belledi.
Türkiýäniň prezidenti Taýyp Ärdogan Türkmenbaşy şäherinde 14-nji dekabrda geçirilen sammitiň netijeleri boýunça energetika ministrliginiň ýolbaşçysyna bir aýyň dowamynda türkmen tebigy gazyny Ýewropa eksport etmek meselesiniň üstünde işlemegini tabşyrdy.
Şeýle hem ol bu meseläniň ýanwar aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä meýilleşdirilýän saparynyň dowamynda gutarnykly çözlüp bilinjekdigini aýtdy.
ORIENT news








