HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

UzA: Özbegistanda geçip barýan ýylyň jemlerini jemlediler

Dekabr 22, 2022 | 17:39 |8312
Özbegistan dünýä syýasatynyň merkezleriniň birine öwrülýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Oliý Mejlise we ýurduň halkyna iberen ýüzlenmesinde beýan etdi – diýip, UzA maglumatlar agentligi habar berýär.Özbegistan dünýä syýasatynyň merkezleriniň birine öwrülýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Oliý Mejlise we ýurduň halkyna iberen ýüzlenmesinde beýan etdi – diýip, UzA maglumatlar agentligi habar berýär.
Çeşme:

Özbegistan dünýä syýasatynyň merkezleriniň birine öwrülýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Oliý Mejlise we ýurduň halkyna iberen ýüzlenmesinde beýan etdi – diýip, UzA maglumatlar agentligi habar berýär.

Özbegistanda ŞHG-nyň we Türki döwletleriň guramasynyň sammitleri, şeýle hem ýokary derejedäki onlarça halkara maslahatlar geçirildi, bu bolsa ýurduň dünýä ýüzündäki ýokary abraýyna şaýatlyk edýär.

Geçip barýan ýylyň esasy görkezijileri hakynda aýtmak bilen, Prezident ýurduň içerki jemi önüminiň ilkinji gezek 80 mlrd dollardan geçendigini belläp geçdi. ykdysadyýete 8 mlrd dollarlyk göni daşary ýurt maýa goýumy çekildi, eksportyň möçberi 19 mlrd ýetdi.

Şu ýyl ilkinji gezek pensiýalaryň we durmuş üpjünçilik tölegleriniň mukdary iň az sarp ediş derejesinden pes bolmakdyk derejä galdyryldy. — Şunuň ýaly ýokary görkezijiler bizde entäk bolmandy, - diýip, Şawkat Mirziýoýew nygtady.

Ol şeýle hem Täze Özbegistany gurmagyň wezipelerine gabat geljek, gelejekki nesillere hyzmat etjek döwrebap Konstitusiýany işläp düzmegiň zerurdygyny hem belledi. Indiki ýyl üçin meýilnamalar we maksatnamalar kesgitlenende garaşsyzlyk döwrüniň gazananlaryny berkitmekde, iň möhüm ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn üns beriljekdigi bellenildi.

Şeýle hem öz ýüzlenmesinde döwlet baştutany indiki ýyly adam hakynda alada we ýokary hilli bilim Ýyly diýip atlandyrmagy teklip etdi.

ORIENT habarlar
Surat: pulse.mail.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026