HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguzdaky Şawat kanalynyň boýunda topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak üçin agaç oturdylýar

Dekabr 21, 2022 | 21:12 |12551
USAID guramasynyň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasy Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Daşoguz welaýatyndaky Şawat kanalynyň kenarynyň ugruny berkitmek işlerini geçirýär. Munuň üçin Daşoguz şäheriniň we onuň töweregindäki ýerleriň esasy suw arteriýasy bolan kanalyň ugrundaky kenary gorajak tokaý zolaklary döredilýär.USAID guramasynyň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasy Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Daşoguz welaýatyndaky Şawat kanalynyň kenarynyň ugruny berkitmek işlerini geçirýär. Munuň üçin Daşoguz şäheriniň we onuň töweregindäki ýerleriň esasy suw arteriýasy bolan kanalyň ugrundaky kenary gorajak tokaý zolaklary döredilýär.
Çeşme:

USAID guramasynyň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasy Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Daşoguz welaýatyndaky Şawat kanalynyň kenarynyň ugruny berkitmek işlerini geçirýär. Munuň üçin Daşoguz şäheriniň we onuň töweregindäki ýerleriň esasy suw arteriýasy bolan kanalyň ugrundaky kenary gorajak tokaý zolaklary döredilýär.

Tokaýlaşdyrma taslamasynyň umumy möçberi 22 ga bolan iki sany synag meýdanynda geçirildi. Jemi sowuk howa şertlerine we güýçli şorlaşan topraga uýgunlaýyp bilýän 9 müň sany agaç oturdyldy. Olaryň arasynda – garagaç, tut agajy, şeýle hem miweli baglar – alma, armyt we erik bar.

Ýerleriň oba hojalyk zerurlyklary üçin depginli peýdalanylýandygy sebäpli, Şawat kanalynyň kenarlary ýykylypdyr. Mundan başga-da, Daşoguz welaýatyna Aral deňiziniň meselesi güýçli täsirini ýetirýär. Bu bolsa ýerleriň köpüsiniň şorlaşandygyny we, esasan-da, oba hojalyk ýerleriniň baýlaşdyrmagy talap edýändigini aňladýar.

Taslamanyň çäklerinde oturdylan agaçlar şemalyň tizligini peseldýär, howanyň we topragyň gyzgynlygyny pese gaçyrýar, howanyň çyglylygyny ýokarlandyrýar. Olar şeýle hem topragyň örtügine we daşky gurşawa, ýerli ilatyň durmuş şertlerine oňyn täsir edýärler. Bulardan başga-da, kenary goraýjy tokaý zolaklary topragyň zaýalanmagynyň öňüni alýar, ýerasty suwlaryň derejesini peseldýär, golaýdaky ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni alýar.

ORIENT habarlar
Surat USAID tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026