HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we talyplar topary Bakuda geçirilen tehnologik festiwalda ikinji orny eýelediler

Dekabr 21, 2022 | 14:37 |8114
Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan we talyplaryndan düzülen iki topar  STEAM Azerbaýjan 2022 halkara festiwalynda  ikinji orny eýeledi – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär. Bu halkara forumyna 300 toparyň hatarynda çykyş eden 900 adam gatnaşdy.Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan we talyplaryndan düzülen iki topar  STEAM Azerbaýjan 2022 halkara festiwalynda  ikinji orny eýeledi – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär. Bu halkara forumyna 300 toparyň hatarynda çykyş eden 900 adam gatnaşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan we talyplaryndan düzülen iki topar STEAM Azerbaýjan 2022 halkara festiwalynda ikinji orny eýeledi – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär. Bu halkara forumyna 300 toparyň hatarynda çykyş eden 900 adam gatnaşdy.

Bakunyň Ekspomerkeziniň meýdançasynda geçirilen halkara tehnologik festiwalynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmek hukugy daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň paýyna düşdi, talyplar toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary wekilçilik etdiler.

Festiwal bäsleşik görnüşinde geçirildi we dürli intellektual ýaryşlarda 10 ugurdan ybarat boldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistandan, Türkiýeden, Ysraýyldan, Norwegiýadan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Estoniýadan, Özbegistandan we Gazagystandan toparlar gatnaşdylar.

STEAM XXI asyryň başarnyklarynyň öwredilmeginiň öňe sürülmegine goldaw berýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan talyplary ýüze çykarýar we olary birleşdirýär hem-de bilim bermek işinde häzirki zaman IKT enjamlaryndan peýdalanylmagyny öňe sürýär.

ORIENT habarlar
Surat: edu.gov.az

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026