HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýä jemgyýetçiligi biodürlüligiň ýitirilmegini togtatmaga we ýitgisini yza dolamak barada ylalaşdy

Dekabr 20, 2022 | 22:36 |16219
2030-njy ýyla çenli biodürlüligi goramagyň  bütindünýä ylalaşygyna biodürlülik hakynda Konwensiýa gatnaşyjylar bilen Kanadanyň Monreal şäherinde geçen XV Maslahatyň jemleri boýunça gol çekildi– diýip, China Daily habar berýär. Ol dört ýyllap ara alyp maslahatlaşmadan soňra we iki hepde dowam eden çekeleşikli gepleşikleriň netijesinde kabul edildi.2030-njy ýyla çenli biodürlüligi goramagyň  bütindünýä ylalaşygyna biodürlülik hakynda Konwensiýa gatnaşyjylar bilen Kanadanyň Monreal şäherinde geçen XV Maslahatyň jemleri boýunça gol çekildi– diýip, China Daily habar berýär. Ol dört ýyllap ara alyp maslahatlaşmadan soňra we iki hepde dowam eden çekeleşikli gepleşikleriň netijesinde kabul edildi.
Çeşme:

2030-njy ýyla çenli biodürlüligi goramagyň bütindünýä ylalaşygyna biodürlülik hakynda Konwensiýa gatnaşyjylar bilen Kanadanyň Monreal şäherinde geçen XV Maslahatyň jemleri boýunça gol çekildi– diýip, China Daily habar berýär. Ol dört ýyllap ara alyp maslahatlaşmadan soňra we iki hepde dowam eden çekeleşikli gepleşikleriň netijesinde kabul edildi.

Ol dünýäniň gury ýerlerini we ummanlaryny goramakda esasy ädim bolmak bilen, biodürlülik boýunça Kunmin-Monreal global çarçuwaly maksatnama 2030-njy ýyla çenli biodürlüligiň ýitirilmegini togtatmaga we ony yza dolamaga” çagyryşdyr. Bu 12 ýyl mundan öň kabul edilen Aýtin maksatnamalaýyn wezipelerinden soňra özboluşly ilkinji maksatnamadyr.

“Bu taryhy pursat. Biz öz maksadymyza ýetdik” - diýip, COP15-iň baştutany we Hytaýyň ekologiýa we daşky gurşaw ministri Huan Runsýu aýtdy we onuň kabul edilmegi ähli taraplaryň köp sanly tagallalarynyň netijesinde mümkin boldy diýdi.

Resminama 196 ýurduň wekili– BMG-niň biodürlülik hakynda Konwensiýasynyň agzalary gol çekdiler, olar 2030-njy ýyla çenli ýerüsti, içerki suwlardaky, kenarýaka we deňiz ekoulgamlaryndaky zeper ýetirlen etraplaryň azyndan 30% gaýtadan dikeltmäge, ýerleri işläp bejermekde ulanylýan awularyň sanyny kemeltmäge borçlandylar.

Kanadanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi baradaky ministri Stiwen Gilbo käbir bilermenleriň biodürlülik baradaky Kunmin-Monreal global Çarçuwaly maksatnamasynyň kabul edilmegini 2015-nji ýylda Pariž ylalaşygynyň gol çekilmegi bilen deňeşdirdiler.

Maslahatyň birinji bölümini Hytaýyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Kunmin şäherinde kabul edendigini belläp geçmelidiris. Şonda HHR-nyň başlygy Si Szinpin ösüp barýan ýurtlarda biodürlüligi goramagy goldamak üçin Kunmin biodürlülik gaznasyny döretmek üçin 1,5 mlrd ýuan maýa goýdy.

ORIENT habarlar
Surat: China Daily

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026