Türkmenistanyň prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabatda bolýan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saudy kabul etdi.
Myhman ilki bilen prezidente Saud Arabystanynyň patyşasy Salman Ben Abdul-Aziz Al-Saudyň adyndan salam aýtdy hem-de ýurduň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna şu ýyl 30 ýyl dolandygyny hem-de Türkmenistanyň iki döwletiň arasynda uzak möhletleýin aragatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Türkmen lideri şu ýylyň iýun aýynda prezident hökmünde daşary ýurda ilkinji saparyny Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topragyna amala aşyrandygyny mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna we ony ösdürmegiň geljegine hem-de halkara gün tertibiniň meselelerine garaldy.

Kabul edişlik tamamlanandan soň, daşary işler ministri türkmen KHBS-ne interwýu berip, geçirilen oňyn duşuşyga ýokary baha berdi hem-de Patyşalygyň Türkmenistan bilen ajaýyp gatnaşyklarynyň bardygyny bellemek bilen, özüniň şu saparyny ähli ulgamlarda özara hereketleriň täze mümkinçiliklerini öwrenmek we hyzmatdaşlygy has giň gözýetimlere çykarmak üçin möhüm ädim diýip atlandyrdy.
ORIENT news








