HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan serhetleriň howpsuzlygy ulgamyndaky töwekgelçilikleriň derňewi boýunça ýol kartasyny işläp düzdi

Dekabr 19, 2022 | 23:48 |12359
Türkmenistanda serhetleriň howpsuzlygy boýunça töwekgelçilikleriň derňewi ulgamyny institusional hukuk binýadyna girizmek boýunça ýol kartasyny işläp düzdüler – diýip, Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanda serhetleriň howpsuzlygy boýunça töwekgelçilikleriň derňewi ulgamyny institusional hukuk binýadyna girizmek boýunça ýol kartasyny işläp düzdüler – diýip, Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme:

Türkmenistanda serhetleriň howpsuzlygy boýunça töwekgelçilikleriň derňewi ulgamyny institusional hukuk binýadyna girizmek boýunça ýol kartasyny işläp düzdüler – diýip, Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Bu baradaky maglumat Türkmenistanyň serhet, gümrük we beýleki hünär gurluşlary üçin Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylyşyna goldaw bermek Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan gurnalan milli seminarynyň barşynda berildi.

Okuwyň barşynda Latwiýanyň döwlet serhet kollejiniň we Riganyň tehniki uniwersitetiniň bilermenleri döwlet edaralarynda araçäkleri ýeke-täk dolandyrmagyň ýewropa tejribesini ornaşdyrmagy hödürlediler, serhet ulgamynda howpsuzlygyň töwekgelçiligine derňew geçirmek amallary bilen tanyşdyrdylar. Gatnaşyjylar şeýle hem täze tehnologiýalary ulanyp, olary bitaraplaşdyrmak boýunça çäreleriň ulgamyny gözden geçirdiler.

Çäre BOMKA 10 Maksatnamasynyň 1-nji düzüm böleginiň çäklerinde gurnaldy. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynda milli we dünýä howpsuzlygyny gazanmak üçin serhet gözegçiligi edaralarynyň institusional mümkinçiligini ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

ORIENT habarlar
Surat: customs.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026