HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe türkmen gazyny Ýewropa ibermek boýunça sammit geçirerler

Dekabr 19, 2022 | 23:45 |7040
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleri türkmen gazyny Ýewropanyň bazaryna ibermek boýunça ýene-de bir üçtaraplaýyn sammit geçirerler – diýip, Türkiýäniň döwlet baştutany Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň ýaşlary bilen Mardin şäherinde geçiren duşuşygynda aýtdy.Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleri türkmen gazyny Ýewropanyň bazaryna ibermek boýunça ýene-de bir üçtaraplaýyn sammit geçirerler – diýip, Türkiýäniň döwlet baştutany Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň ýaşlary bilen Mardin şäherinde geçiren duşuşygynda aýtdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleri türkmen gazyny Ýewropanyň bazaryna ibermek boýunça ýene-de bir üçtaraplaýyn sammit geçirerler – diýip, Türkiýäniň döwlet baştutany Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň ýaşlary bilen Mardin şäherinde geçiren duşuşygynda aýtdy.

«Bu işleriň yzyndan, biz üç döwletiň baştutany hökmünde täze duşuşyk geçireris we ýol kartasynyň nähili boljakdygy barada karar kabul ederis diýip umyt edýärin. Tebigy gazyň Türkmenistandan biziň ýurdumyza, aýratyn-da, Azerbaýjanyň üsti bilen iberilmegi biziň tagallalarymyzy ýeňilleşdirer» - diýip, Türkmenbaşyda geçen birinji sammitiň jemleri barada gürrüň bermek bilen, Türkiýäniň baştutany belledi.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti bu meseläniň üç ýurduň liderleriniň arasynda geçen gepleşiklerde hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady:

«Biz şeýle ädimiň mümkinçiligi baradaky meseläni üç ýurt bolup maslahatlaşdyk. Olar: «Näme üçin bolmaly däl» diýdiler. Hem-de degişli görkezmeleri berdiler. Türkiýäniň energetika ministrine onuň iş topary bilen birlikde Azerbaýjandaky we Türkmenistandaky kärdeşleri bilen deslapky işleri geçirmek boýunça tabşyryk berildi».

Ärdogan türkmen gazynyň Azerbaýjanyň çäginiň üsti bilen iberilmegi respublikanyň Türkiýäniň çäginde gaz habyny döretmek pikiriniň durmuşa geçirilmegine tarap gönükdiriler - diýip, ol öz çykyşynda belledi.

ORIENT habarlar
Surat: Twitter

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026