HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň Baş täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy

Dekabr 16, 2022 | 05:01 |5516
Şu gün Aşgabatda ýurduň Baş arçasynda yşyklar ýakyldy. Bu täze ýyl baýramçylyk dessury eýýäm hemmeler üçin gowy däbe öwrüldi we oňa ýüzlerçe adam gatnaşdy. Köpler bu dabara  tutuş maşgalasy bilen gelipdirler.Şu gün Aşgabatda ýurduň Baş arçasynda yşyklar ýakyldy. Bu täze ýyl baýramçylyk dessury eýýäm hemmeler üçin gowy däbe öwrüldi we oňa ýüzlerçe adam gatnaşdy. Köpler bu dabara  tutuş maşgalasy bilen gelipdirler.
Çeşme:

Şu gün Aşgabatda ýurduň Baş arçasynda yşyklar ýakyldy. Bu täze ýyl baýramçylyk dessury eýýäm hemmeler üçin gowy däbe öwrüldi we oňa ýüzlerçe adam gatnaşdy. Köpler bu dabara tutuş maşgalasy bilen gelipdirler.

Adatça iň beýik we owadan täze ýyl arçasynyň bezelýän “Alem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança bu ajaýyp baýramçylyk çäresiniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Dürli reňklerde öwşün atýan yşyklar, aýdym-saz we tans çykyşlary, ulularyň ýylgyryşy we çagalaryň şatlygy dabara özboluşly äheň berdi. Bir aý töweregi bu ertekilerdäki kimin jadyly şäherçe paýtagtyň raýatlary we myhmanlary üçin iň gowy dynç alyş ýerine öwrüler.

Bu ýylky baş arçanyň beýikligi 43 metr, bu bolsa 12 gatly bina bilen barabardyr. Arçanyň çür başy 2023 sanlar bilen belgilenen ýyldyz bilen bezelipdir.

Baýramyň jemleýji pursatlary Aýaz Baba we Garpamyk bilen bilelikde erteki gahrymanlarynyň gatnaşan sahnalaşdyrylan çykyşy boldy. Konsertde çagalar aýdym-saz we tans ansambllary, meşhur estrada aýdymçylary, teatr sungat işgärleri we beýleki döredijilik toparlary hem çykyş etdiler.

Ýurduň baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagynyň yzýany bilen ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň baş meýdançalarynda gurnalan täze ýyl arçalarynyň hemmesi dürli reňkde öwüşgin atýan yşyklara beslendiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026