HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow tebigy gaz üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini kesgitledi

Dekabr 15, 2022 | 05:33 |7724
“Gaz bilen üpjün etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýasy we olaryň netijeli işlemegi köptaraplaýyn gyzyklanmalary göz öňünde tutýan anyk we takyk standartlara, şeýle-de ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr. Tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky başlangyçlara hut şu nukdaýnazardan garalmalydyr - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ylham Alyýew bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda nygtap geçdi.“Gaz bilen üpjün etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýasy we olaryň netijeli işlemegi köptaraplaýyn gyzyklanmalary göz öňünde tutýan anyk we takyk standartlara, şeýle-de ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr. Tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky başlangyçlara hut şu nukdaýnazardan garalmalydyr - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ylham Alyýew bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda nygtap geçdi.
Çeşme:

“Gaz bilen üpjün etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýasy we olaryň netijeli işlemegi köptaraplaýyn gyzyklanmalary göz öňünde tutýan anyk we takyk standartlara, şeýle-de ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr. Tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky başlangyçlara hut şu nukdaýnazardan garalmalydyr - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ylham Alyýew bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda nygtap geçdi.

1.jpg

Serdar Berdimuhamedow: “Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe dünýä bazarlarynyň energiýa üpjünçiligi boýunça utgaşdyrylan we köpgörnüşli ulgamyň döredilmeginiň tarapdary” – diýdi. Şeýle hem, ol 2021-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki Dostluk uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça gol çekilen özara düşünişmek baradaky Memorandumyň ähmiýetini belläp geçdi. Türkmen lideri: "Bu Hazardaky ikitaraplaýyn energiýa hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze tapgyrydyr" - diýdi.

Rejep Taýyp Erdogan üç ýurduň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygynyň geljegine aýratyn üns berdi we koronawirus epidemiýasynyň we sebitdäki durnuksyzlygyň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny, esasanam Ýewropa üçin ýene-de dünýäniň gün tertibiniň başynda goýýandygyna ünsi çekdi.

Bu ugurda ädilen ädimleriň arasynda Erdogan Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisini we Anadoly Trans-gaz geçirijisiniň esasyny düzýän we Hazar gazynyň Ýewropa daşalýan Günorta gaz geçelgesini kesgitledi.

“Häzir biz edil şular ýaly ýagdaýda türkmen tebigy gazyny günbatar bazarlaryna daşamak boýunça işe başlamaly. Hazar deňzi arkaly türkmen we azerbaýjan doganlarymyz bilen dostluga esaslanýan hyzmatdaşlyga taýýardyrys" – diýip, türk lideri aýtdy.

2.jpg

Mundan başga-da, ol Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä elektrik toguny geçirmek taslamasynyň üstünde işlemäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammiti 14-nji dekabrda Hazaryň Türkmen kenarynda – Awazada geçirildi. Türkmen lideri bu çäräni üç ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan möhüm waka diýip atlandyrdy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň lideri şu ýylyň on aýynda Azerbaýjan bilen söwda dolanyşygynyň bäş esse ýokarlandygyny aýtdy. Soňra Alyýew: "Bu ozal ýetilmedik sepgit" - diýdi. Iki ýurtda Türkiýe bilen özara söwdanyň göwrümi hem durnukly ösýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026