HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Horwatiýa – Futbol planetasynyň üçünji topary!

Dekabr 18, 2022 | 05:12 |7075
Şenbe güni Kataryň paýtagty - Dohada "Halifa International" stadionynda dünýä çempionatynyň üçünji ýeri ugrundaky oýun geçirildi. Bürünç medal ugrunda tejribeli horwatlar we heniz hemmeler üçin häbelli bolan topar - Marokkonyň ýygyndysy tutluşdylar.Şenbe güni Kataryň paýtagty - Dohada "Halifa International" stadionynda dünýä çempionatynyň üçünji ýeri ugrundaky oýun geçirildi. Bürünç medal ugrunda tejribeli horwatlar we heniz hemmeler üçin häbelli bolan topar - Marokkonyň ýygyndysy tutluşdylar.
Çeşme:

Şenbe güni Kataryň paýtagty - Dohada "Halifa International" stadionynda dünýä çempionatynyň üçünji ýeri ugrundaky oýun geçirildi. Bürünç medal ugrunda tejribeli horwatlar we heniz hemmeler üçin häbelli bolan topar - Marokkonyň ýygyndysy tutluşdylar.

Duşuşyk adatdan daşary waka bolmazdan tamamlandy - marokkolylar 2:1 hasap bilen utulyp, eşikleri "şaşka" şekilleri bilen bezelen futbol toparyny öňe geçirdiler.

Zlatko Daliçiň ýetişdiren türgenleri yzly-yzyna ikinji dünýä çempionatyndan baýrak bilen ýurduna dolanýarlar – mundan ozalky dünýä çempionatynda (Russiýa-2018) horwatlar kümüş medal gazandylar.

Iki toparyň hem eýýäm toparlaýyn tapgyrda duşuşandygyny bellemelidiris. Şonda oýun golsuz deňme-deň hasap bilen tamamlandy.

я 2.jpg

Üçünji ýer ugrundaky oýnuň ýedinji minuty Marokkonyň ýygyndysa üçin aýgytly boldy. Horwatlaryň merkezi goragçysy Gwardiol jerime urgusy oýnalanda, kellesi bilen urup, kombinasiýany üstünlikli tamamlady.

Çempiyonatyň tutuş dowamynda derwezelerine az sanly pökgi geçirden marokkolylar şeýle çalt fiaskodan “kine etdiler” we, özlerine uzak garaşdyrman, iki minut soňra diýen ýaly hasaby deňlediler – jerime urgudan soň, Dari kellesi bilen uurup, pökgini tora saldy.

я 3.jpg

Emma 42-nji minutda horwatlaryň ýarymgoragçysy Orşiç göni urgy bilen takyk urup, Marokkanyň derwezeçisine puryja bermedi.

Özara hüjümlere we derwezäni bir tarapdan bolşy ýaly, beýleki tarapdan hem almak mümkinçilikleriň bolandygyna garamazdan, ikinji ýarymda hasap üýtgemedi – 2:1.

я 4.jpg

Şeýlelikde, Horwatiýanyň ýygyndy topary Katarda geçirilen dünýä çempionatynda baýrak alanlaryň ilkinjisi boldy.

Şeýle-de bolsa, "Geljek 4 ýylda futbol boýunça dünýäde ilkinji bolmak haýsy toparyň paýyna düşer?" diýen esasy soraga jogap heniz ýok.

Finalçylar – Fransiýanyň we Argentinanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky oýun 18-nji dekabrda ýekşenbe güni Lusail Ikonik stadionynda geçiriler.

Häzir kim Dohada bolsa - duşuşyga hoş geldiňiz, kim başga ülkelerde bolsa – hemmämiz telewizorlarymyzyň başyna üýşeliň!

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026