Made in China: Katardaky DÇ-da Hytaýyň üstünligi
** bolan futbol 22-nji dünýä çempionaty tamamlanyp barýar. Argentina bilen Fransiýanyň arasyndaky final duşuşygy “Lusail Aýkonik” stadionynda ertir geçiriler. Köplere dünýä kunby ugrundaky göreşiň ilkinji gezek arap dünýäsinde, özi-de, güýz-gyş möwsüminde ýaýbaňlanandygy bellidir. Emma, bu ýagdaýlardan başga-da, futbol söýjileri hem-de bu meşhur oýun bilen gyzyklanmaýanlary haýran galdyryp biljek käbir gyzykly zatlar bar.](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fcdn.orient.tm%2Fstorage%2Fapp%2Fmedia%2Fru%2F2022%2F12%2F17122022suveniry.jpg&w=3840&q=75)

Ine-de, FIFA-nyň bütin taryhynda iň oňat bolan futbol 22-nji dünýä çempionaty tamamlanyp barýar. Argentina bilen Fransiýanyň arasyndaky final duşuşygy “Lusail Aýkonik” stadionynda ertir geçiriler. Köplere dünýä kunby ugrundaky göreşiň ilkinji gezek arap dünýäsinde, özi-de, güýz-gyş möwsüminde ýaýbaňlanandygy bellidir. Emma, bu ýagdaýlardan başga-da, futbol söýjileri hem-de bu meşhur oýun bilen gyzyklanmaýanlary haýran galdyryp biljek käbir gyzykly zatlar bar.

Lusail milli stadiony CRCC Hytaý korporasiýasy tarapyndan guruldy. Altyn öwüşgin bilen haýran galdyrýan binagärlik täsinligi 190000 m2 meýdana ýaýbaňlandy.

Katarda iň uly stadiona öwrüilen bu sport desgasy janköýerleriň 92000 üçin niýetlenendir.

Ajaýyp senäniň hormatyna “Lusail Aýkonik” Kataryň 10 rial pulunyň ýüzünde şekillendirildi.

Ýene-de bir bellenilmeli ýagdaý resmi adamlar, janköýerler hem-de ýurduň myhmanlary üçin hyzmat edýän Kataryň 1500-den gowrak awtobuslary bu pudakda öňdebaryjy Hytaý kompaniýasy bolan Yutong tarapyndan öndürildi.

Şonça awtobuslaryň 888-si ýurduň ähli awtobuslarynyň dörtden bir bölegini emele getirýän elektrobuslardyr.
Mundan başga-da, janköýerleri ýerleşdirmek meselesini çözmek üçin Katarda olara niýetlenilip 6 “şäherçe” guruldy. Şunda hem hytaýlylar gatnaşdy – Hytaý kompaniýalary 10000-den gowrak konteýner öýleri ýerleşdirdiler.

Mysal üçin, iki adama niýetlenen şunuň ýaly öýlerde ýaşamak syýahatçylara $200 düşer, bu bolsa köp myhmanhanalardan ep-esli arzandyr.

DÇ-ni elektrik energiýasy bilen üpjün edýän kuwwatlylygy 800 MWt bolan gün elektrik stansiýasy tutýan meýdany boýunça örän uly bolup, ol PCCC Hytaý energetika korporasiýasy tarapyndan guruldy. Gün batareýalaryndan ybarat bolan bu giň meýdançanyň işledilmegi netijesinde DÇ-2022 ekologiýa taýdan iň arassa Dünýä kubogy hökmünde taryha girdi.

Çžesýan welaýatynyň Iu şäher uezdiniň öndürijileri Çempionatyň nyşanlarynyň köp bölegini üpjün etdiler. Futbol pökgilerinden, milli baýdaklardan we gymmatlyk nyşanlaryndan başlap, şahjagazlar we jürlewüklere çenli – Iu-nyň paýy futbol ýaryşynyň suwenirler bazarynyň 70%-e golaýyny emele getirdi.

Hytaýyň ýygyndy toparynyň Oýunlara gatnaşmandygyna garamazdan, Hytaý öwüşginleri Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşlarda şugla saçdy.

Saparguly MAHTUMOV
Photo material provided by China Daily