Ägirt akwariumdan dökülen bir million litr suw Berlindäki myhmanhanany we köçäni basdy


Berliniň Dom Aquaree myhmanhanasynda ýerleşýän dünýädäki iň ägirt silindr şekilindäki akwarium döwlüp, ondan bir million litr suw döküldi. Bu barada dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri myhmanhananyň ýolbaşçylarynyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Beýikligi 1 metr we diametri 1,5 metr bolan gaba deňiz suwunyň 1 million litri sygýan eken. Akwariumda seýrek duş gelýän tropiki balyklaryň 1,5 müňe golaýy ýaşaýardy, bu ýagdaý sebäpli olaryň hemmesi heläk bolupdyr.

Silindr şekilindäki akwariumyň agramy 2 müň tonna deň. Onuň içinde lift ýerleşip, ol ony görmäge gelýänleri ýokary çykaryp, 360 graduslyk görnüş açýardy. Bu wakanyň netijesinde 2 adam aýna döwüklerinden ýaralandy.
DomAquaree toplumynyň ýerleşýän Karl-Libkneht-Ştrasse köçesini suw basdy we ony ýapmaly boldy. Myhmanhanadan başga-da döwlen akwariumdan şol toplumda ýerleşýän birnäçe dükanlar, barlar we GDR-iň muzeýi zyýan çekdiler.
Wakanyň sebäbi entäk anyklananok. Bir çaklama görä akwarium jaýrylypdyr, soňra bolsa howanyň gyzgynlygynyň peselmegi sebäpli döwlüpdir. Başga bir çaklama görä –akwariumyň döwülmeginiň sebäbi onuň tehniki taýdan näsazlygy bolupdyr.
ORIENT habarlar
Surat: ria.ru, tass.ru








