HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen diplomatlary we BMG-niň ýurtdaky topary DÖM-ny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 16, 2022 | 22:46 |6897
Türkmen diplomatlary BMG-niň Türkmenistandaky topary bilen 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini ýerine ýetirmekde strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdyrlar – diýip, guramanyň ýerli wekilhanasynda ORIENT-e gürrüň berdiler.Türkmen diplomatlary BMG-niň Türkmenistandaky topary bilen 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini ýerine ýetirmekde strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdyrlar – diýip, guramanyň ýerli wekilhanasynda ORIENT-e gürrüň berdiler.
Çeşme:

Türkmen diplomatlary BMG-niň Türkmenistandaky topary bilen 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini ýerine ýetirmekde strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdyrlar – diýip, guramanyň ýerli wekilhanasynda ORIENT-e gürrüň berdiler.

Duşuşyga Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň Ženewadaky BMG-niň bölümininiň hemişelik wekili Atageldi Haljanow, Türkmenistanyň BMG-niň ştab-kwartirasyndaky hemişelik wekili Hemra Amannazarow gatnaşdylar.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko duşuşyga gatnaşyjylara bu guramanyň BMG-niň hyzmatdaşlyk boýunça Çarçuwaly maksatnamasynda durnukly ösüş boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2021-2025 ýyllar üçin beýan edilip, ileri tutýan ugurlary barada habar berdi.

Şlapaçenko Türkmenistanyň BMG-niň Nýu-Ýorkdaky hemişelik wekilhanasynyň, Ženewadaky we Wenadaky BMG-niň edaralarynyň aýgytlaýjy orun eýeläp biljek strategiki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny aýratyn belläp geçdi. Hususan-da, indiki ýyly taýýar ediljek Türkmenistanyň Meýletin milli syny DÖM-ň milli maksatnamalara mundan beýläk-de goşulmagyny, olaryň gözegçiligini we hasabatlygyny göz öňüne tutýar.

ORIENT news
Surat: BMG-nyň Türkmenistandaky Wekilhanasy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026