Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük işgärleri ýokary töwekgelçilikli harytlar boýunça maglumat alyşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň Port Gözegçilik toparynyň agzalary, Özbegistanyň «Alat» gümrük nokadyndaky kärdeşleri bilen bilelikdeýük daşaýan otlylaryň gatnawyna gözegçilik etmekboýunça amaly okuw sapagyny tamamladylar.
Bu çäre gümrük nokatlarynda işi ýokary derejedeguramak, ol ýerde enjamlaşdyrylan gözleg we barlag toplumlarynyň işiniň aýratynlyklary we gümrük nokatlarynda bikanun söwdanyň garşysyna göreşmek ýaly gümrük işleriniň möhüm taraplaryna ünsi çekdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar gümrük nokatlaryndakytöwekgelçilikleri dolandyrmak, şol sanda ýokary töwekgelçilikli harytlara seresaply gözegçilik etmek we iki ýurduň gümrük gullugynyň işgärleriniň arasynda degişli maglumatlary alyşmak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Bu okuw sapagy Birleşen Milletler Guramasynyň neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradakygullugy (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň «Ýük daşaýan otlylaryň hereketine gözegçilik etmek» baradaky bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde gurnaldy.
Gümrük barlagy halkara şertnamalaryna we daşary ýurt ykdysady işlerine gatnaşyjylar tarapyndan gümrükgullugyny düzgünleşdirmekdäki hereketlere gözegçilik etmegi üpjün edýän esasy guraldyr.
ORIENT news
Surat: customs.gov.tm








