HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Niclaus Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda naýbaşy golf klubyny Awazada gurmaga taýyn

Dekabr 06, 2022 | 12:38 |9803
Duşenbe güni Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler forumynyň barşynda geçirilen duşuşykda Awazada üç sany golf meýdançasyny gurmak boýunça meýilnamalara garaldy.Duşenbe güni Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler forumynyň barşynda geçirilen duşuşykda Awazada üç sany golf meýdançasyny gurmak boýunça meýilnamalara garaldy.
Çeşme:

Duşenbe güni Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürler forumynyň barşynda geçirilen duşuşykda Awazada üç sany golf meýdançasyny gurmak boýunça meýilnamalara garaldy.

Amerikanyň işewürler toparynyň düzüminde Niclaus kompaniýalar birleşmesine onuň baş direktory Jon Ris wekillik etdi. Ol 2-3 ýylyň içinde döredip boljak ajaýyp golf meýdançalarynyň Hazaryň kenarynda nähili ýerleşip biljekdigini fotosuratda görkezdi.

2.jpg

Onuň sözlerine görä, bu taslama Aziýanyň we Ýewropanyň golf söýüjilerini özüne çekjek we Awazany dünýä meşhur etjek Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda naýbaşy golf klubyna öwrülip biler. Taslamany tutuşlygyna 2025-nji ýylyň tomus möwsümine çenli tamamlap tabşyrmak mümkinçiligi bar.

Bu duşuşygyň netijeleri boýunça Jon Riz we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiew tarapyndan Awazada golf klubyny döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda memoranduma gol çekildi.

Nicklaus Companies golfçy Jek Niklausyň we onuň maşgalasynyň eýeçiligindäki golf bilen baglanyşykly kompaniýalaryň birleşmesidir. Ozal bu kompaniýa Niklausyň lakamy boýunça – “Golden Bear” (Altyn aýy) diýlip atlandyrylýardy. Ol golf boýunça Niklaus-Flick okuw we tejribe merkezlerini dolandyrýar, “Jek Niklaus” markaly golf üçin ýörite eşiklere we esbaplara ygtyýarnama berýär we golf meýdançasynyň gurluşygy boýunça firmalara geňeşmeleri geçirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026