HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda türkmen, rus we iňlis dillerinde edebiýat bäsleşigi yglan edilýär

Dekabr 01, 2022 | 15:12 |5226
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi «Diýar»  žurnaly bilen bilelikde hemmeleri edebiýat bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi «Diýar»  žurnaly bilen bilelikde hemmeleri edebiýat bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme:

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi «Diýar» žurnaly bilen bilelikde hemmeleri edebiýat bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige gatnaşyjylar çeper we sungat eserlerinde Türkmenistanyň tebigatynyň ajaýyp künjekleri, medeni we taryhy ýadygärlikleri, syýahatçylyk ýerleri barada gürrüň bermäge çagyrylýar. Makalalar, hekaýalar, goşgular we oçerkler türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyp bilner.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli diyar-zurnaly@online.tm elektron poçta salgysy boýunça kabul edilýär. Eserler ýaşaýan ýeri we iş ýeri, käri we aragatnaşyk belgisi baradaky maglumatlar bilen bilelikde tabşyrylmalydyr.

Bäsleşigiň netijeleri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ongünlüginde jemlener. Ýeňijiler gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-95-30; 39-95-22; 39-96-13.

ORIENT news
Surat: liski.riavrn.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026