HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

Sentýabr 23, 2026 | 22:30 |2120
Çeşme: orient.tm

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Daniýa we onuň awtonom çägi bolan Grenlandiýa sişenbe güni Nýu-Ýorkda strategik taýdan möhüm adada ABŞ-nyň harby gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde geçirilen dabarada ylalaşyga ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen we Grenlandiýanyň Premýer-ministri Ýens-Frederik Nilsen gol çekdi.

Howpsuzlyk babatda giň gerimli bolan bu ylalaşygyň çäklerinde ABŞ-a Grenlandiýanyň demirgazyk-günbataryndaky uzak sebitde ýerleşýän, häzirki wagtda hereket edýän Pitufik kosmos bazasyndaky işlerini döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge, şeýle hem Narsarsuakda we Mesterwigde goşmaça goranyş zolagyny döretmäge rugsat berler. Ylalaşyk amerikan uçarlaryna Grenlandiýanyň islendik ýerinde, şol sanda onuň çäk suwlarynyň üstünde uçuşlary amala aşyrmaga we gonmaga hem rugsat berýär.

Ylalaşykda NATO agzasy bolmadyk hiç bir döwlete Grenlandiýada «özbaşdak dolandyrylýan ýa-da pilotsyz harby desgalaryny döretmäge» rugsat berilmejekdigi bellenilýär. Şeýle hem NATO-nyň ýa-da Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmeýän ýurtlaryň sebitiň strategik taýdan möhüm pudaklaryna gözegçilik etmegi gadagan edilýär.

Resminamada «Daniýa Patyşalygynyň özygtyýarlylygy we çäk bitewiligi» tassyklanýar hem-de Grenlandiýanyň halkynyň «öz ykbalyny kesgitlemek hukugynyň» bardygy ykrar edilýär. Ylalaşyk Daniýa Patyşalygynyň Grenlandiýa bilen bilelikde zerur parlament işlerini tamamlandygy barada ABŞ-a diplomatik nota iberilen gününden güýje girýär.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, ylalaşyga gol çekilmegi Arktikadaky howpsuzlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Resminamada üç tarapyň hem bähbitleri göz öňünde tutulýar we özygtyýarlylyk hem-de öz ykbalyny kesgitlemek ýörelgelerine ygrarlylyk tassyklanýar. Bu bolsa Grenlandiýanyň strategik ähmiýetine barha artýan üns berilýän şertlerde aýratyn möhümdir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026